Sepleriň elýeterliligi

Düşündiriş: Daglyk-Garabag konflikti


Azeri goşuny harby türgenleşik geçýär

Azeri goşuny harby türgenleşik geçýär

Soňky wagtlarda Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda Daglyk-Garabag sebiti sebäpli dartgynlylyk ýüze çykýar. Taraplar ýüze çykan ýagdaýy biri-birinden görüp, birek-biregi günäkärleýärler. Ganly çaknyşyklaryň sebäpleri barada giňişleýin gürrüň edeliň.

Taraplar nämäniň üstünde uruşýarlar?

Azerbaýjan bilen Ermenistan soňky onýyllyklaryň dowamynda Daglyk-Garabag regionynyň statusy boýunça düşünişip bilmän geçdiler. Agzalýan daglyk regionda esasan etniki ermeniler ýaşaýarlar. Ýöne şol bir wagtyň özünde sebit Azerbaýjanyň halkara derejesinde kabul edilen serhet çäkleriniň içinde ýerleşýär.

1920-nji ýylda sowet hökümeti bu regiona “Sowet Azerbaýjanynyň düzümindäki awtonom döwlet” statusyny beripdi. Ermeniler bilen azerbaýjanlaryň arasyndaky uzaga çeken düşünişmezlik sowet döwründe Moskwanyň berk gözegçiliginde saklanýardy.

Ýöne 80-nji ýyllarda Sowet Soýuzynda gözegçiligiň gowşap başlamagy bilen Daglyk-Garabag resmi ýagdaýda Ermenistana goşulmak üçin ýüz tutýar we munuň netijesinde iki ýurduň arasyndaky çaknyşyklaryň gerimi has giňäp, düşünişmezlikleriň soňy alty ýyllap dowam eden gandöküşikli urşa ýazýar. 1991-nji ýylda Daglyk-Garabagyň “özboluşly özbaşdak” hökümeti birtaraplaýyn garaşsyzlyk yglan edýär. 1994-nji ýylda taraplaryň arasyndaky Orsýetiň goşulmagy bilen bes edilen gandöküşikli çaknyşyklarda takmynan 30 müň töweregi adam wepat bolupdy.

Daglyk-Garabagyň çägi 4 müň 400 indedördül metrlik meýdany tutýar. Regiony töwerekleýän bufer zolaga ermeni güýçleri gözegçilik edýär.

Şol döwürde çaknyşyklaryň bes edilmegi bilen Daglyk-Garabag “de-fakto awtonom döwlet”, öwrüldi, ýagny iş ýüzünde özbaşdaklyga eýe boldy. Ýöne azerbaýjanlar bu regionyň özlerini degişlidigini aýdýarlar.

Fransiýanyň, Orsýetiň we Birleşen Ştatlaryň gatnaşmagyndaky we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň guramaçylygyndaky halkara derejeli “Minsk ylalaşyk topary“ ”doňdurylan çaknyşyklaryň” deregine degerli çözgüt tapyp bilenok.

1994-nji ýyldan bäri iki döwletiň arasyndaky serhet zolagynda käte ganly çaknyşyklar dowam etse-de, bu ýagdaý giň gerimli söweş dartgynlylygyna ösüp geçmedi.

Häzirki wagtda çaknyşyklar näme üçin güýjeýär?

Daglyk-Garabagda soňky ýüze çykan çaknyşyklara sebäp bolan ýagdaýlar jedelli bolup galýar.

Azerbaýjan häkimiýetleri özleriniň 13 esgeriniň “ermeni sabotaž topary” tarapyndan atylyp öldürlendigini aýdýar. Beýleki bir tarapdan Daglyk-Garabagyň “hökümeti” özlerine azerbaýjan harbylarynyň hüjüm edýändigini aýdýarlar.

Daglyk-Garabagyň “goranmak ministrligi” 2-nji awgustda ýaýradan beýanatynda azerbaýjan güýçleriniň ermenileriň üstüne hüjüm edendigini aýtdy. Regiondaky Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji awgustda atyşygyň başlanandygyny aýtdy.

Günorta Kawkaz ýurtlary boýunça ekspert Tomas Wal agzalýan taraplarda birek-birege aýyplama bildirmek we aýyplamalara garşylyk görkezmek indi gaýtalanyp duran häsiýete eýe boldy diýýär: “Umuman aýdanyňda, bularda şeýle bir ýagdaý bar, ýagny bir tarap bir zat diýýär, beýleki tarapam oňa jogap gaýtarýar, şeýdibem birnäçe gezek birek-birege aýyplama bildirlensoň, hakykatda kimiň agressordygyny, kimiň däldigini anyklamak kyn bolýar. Sebäbi aslynda iki tarapam ozalkysy ýaly agresorlygyny saklap galýar”.

Taraplaryň nägilelikleri

Azerbaýjan Daglyk-Garabaga bikanun ýagdaýda basylyp alnan territoriýa hökmünde garaýar. Şeýle-de azerbaýjan häkimiýetleri agzalýan sebitiň özbaşdaklygynyň halkara derejesinde ykrar edilmändigini aýdýar.

Beýleki bir tarapdan, Ermenistan Daglyk-Garabag meselesi ony ykrar etmek arkaly çözülmeli diýýär we bu regionyň Azerbaýjana gaýtaryp berilmegi onuň gelejegine kast edilmegidir diýýär.

Gürrüňi edilýän ”ykrar edişlik” sebitiň garaşsyzlygyna, soňlugy bilenem Ermenistana goşulmagyna ýol açyp biler diýilýär. Regionda 145 müň adamyň ýaşaýandygy we şonuň 95 göteriminiň ermenilerdigi aýdylýar.

Taraplar oňşarmy?

“Minsk topary” Azerbaýjanyň we Ermenistanyň prezidentlerini “derhal dartgynlylygy ýatyrmak üçin çäreleri görmäge we atyşygy bes etmek barada gelnen ylalaşygy berjaý etmäge” çagyrdy.

Waal AÝ/AR-a beren gürrüňinde iki ýurduň prezidentleriniň noýabr aýynda duşuşyk geçirendigini ýöne dartgynlylygy çözmek barada alnan çözgüdiň soňunyň ýokdugyny aýtdy.

Ol şeýle diýdi: “Ýagdaýlar geňeşilýär. Ýöne iki tarap hem birek-birege we prosese düýbünden ynam edenok. Şonuň üçin parahatçylygy ýola goýmak boýunça gepleşikler geçirilýär, ýöne häzirki wagtda kanagatlanarly netije ýok”.

4-nji awgustda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow çykyş edip, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň şu hepdäniň aýagynda Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen Soçide duşuşyk geçirjekdigini aýtdy. Lawrow: “Putin ilki taraplar bilen aýratynlykda gepleşikler geçirer, ondan soňra üç taraply gepleşikler geçiriler” diýip, öz sözleriniň üstüni ýetirdi.

Alyýewiň administrasiýasynyň başlygynyň orunbasary Nowruz Mämmedow 4-nji awgustda Azerbaýjanyň ANS kanalyna beren interwýusynda ýurduň prezidentiniň Soçi şäherine sapary barada entek kesgitli netijä gelinmädigini aýtdy.

Uruş turaýarmyka?

Ermenistanyň goranmak ministri Seýran Ohaniýan 4-nji awgustda eden çykyşynda “sebitde soňky döwürde dartgynlylygyň artandygyna garamazdan, Ýerewan ýagdaý urşa ýazar öýdenok” diýdi

“Reuters” habar agentliginiň maglumatyna görä, Ohaniýan žurnalistlere beren gürrüňinde: “Dartgynly ýagdaý dowam edýär. Ýöne ýagdaýy içgin seljerip, oňa global nukdaýnazardan seredenimizde, uly göwrümli urşuň turmak ähtimallygy ýok” diýipdir.

De Waal hem şeýle pikirde. Ol Azerbaýjanyň giň gerimli hüjüme geçmek ähtimallygynyň ýokdugyny, Bakuwyň harby taýýarlygynyň pesdigini we azerbaýjan häkimiýetleriniň çaknyşykda esasan Moskwanyň roluna bil baglaýandygyny aýtdy.

Waal: “Azerbaýjana kiçi gerimli durnuksyzlyklar ýaraýar. Ýöne giň gerimli hüjüm olara peýda getirmez. Aýratynam, eger birden ermeni-rus gatnaşyklary häzirkisi ýaly has ysnyşykly bolup galsa!” diýdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG