Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl Gyrgyzystana protest bildirdi


Ysraýyl gyrgyz kanunçykaryjysy tarapyndan Ysraýylyň baýdagyna köpçülikde hormatsyzlyk edilmegine protest bildirip, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligine hat ugratdy.

Ysraýylyň Bişkekde diplomatik wekilhanasy bolmanlygy sebäpli, protest haty Ysraýylyň Astanadaky ilçihanasy tarapyndan ugradyldy.

Resmileriň maglumatyna görä, Ysraýylyň Gazagystan we Gyrgyzystan boýunça ilçisi Eliýau Tasman (Eliyau Tasman) tarapyndan ýazylan hatda gyrgyz kanunçykaryjysy Tursunbaý Bakir-Ulunyň (Tursunbai Bakir-Uulu) eden hereketleri barada aladalanma bildirilýär.

4-nji awgustda geçiren metbugat ýygnagynda Bakir-Ulu Ysraýylyň Gazadaky “Hamas” toparyna garşy amala aşyrýan harby operasiýalaryny ýazgaryp, Ysraýylyň badagyny ýyrtypdy.

Ysraýylly ilçi Tasmanyň hatynda bu wakanyň derňelmegi talap edilýär.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň resmileri Azatlyk Radiosyna beren maglumatlarynda özlerine henize çenli hatyň gelip gowuşmandygyny mälim etdiler.

XS
SM
MD
LG