Sepleriň elýeterliligi

Yrakda kürt we yslamçy söweşijiler çaknyşdy


Yragyň Kürt regionynyň paýtagty Irbilden 40 kilometr uzaklykda kürt güýçleri bilen “Yslam döwletiniň” söweşijileriniň arasynda çaknyşyklar boldy. “Yslam döwleti” mundan öň “Yrak yslam döwleti we Lewant” atly topar ady bilen tanalýardy.

Irbiliň Mahmur sebitindäki bu çaknyşyklar hepdäniň soňunda söweşijiler tarapyndan ýurduň demirgazygynda amala aşyrylan hüjümlerden soň boldy. Bu hüjümler Yragyň şaýy liderligindäki hökümetiniň we Kürt resmileriniň harby hyzmatdaşlygy gaýtadan dikeltmegine itergi berdi.

Şol hyzmatdaşlyk Kürtleriň Peşmerga söweşijilerine goldaw bermek maksady bilen Yragyň hökümetiniň howa zarbalaryny hem öz içine alýar.

3-nji awgustda “Yslam döwletiniň” söweşijileri ýurduň demirgazygyndaky Zumar we Sinjar etraplaryny ele saldylar. Munuň netijesinde müňlerçe adam öýlerine terk edip, golaý-goltumdaky daglara gaçmaly boldular.

6-njy awgustda Kürtleriň Peşmerga lideri Jabbar Ýawar Yragyň ýazidi etniki azlygyna degişli 50 müň çemesi adamyň Sinjaryň golaýyndaky daglarda bukulýandygyny we olara gyssagly kömek edilmese, açlykdan ölüp biljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG