Pakistanyň aňtaw gullugynyň çeşmeleri Birleşen Ştatlaryň pilotsyz uçarlarynyň howa zarbasy diýlip güman edilýän hüjümde bäş söweşijiniň öldürilendigini habar berýärler. Howpsuzlyk resmileri iki raketa hüjüminiň 6-njy awgustda Demirgazyk Waziristan sebitiniň Datta Hel obasynda amala aşyrylandygyny belleýärler.
Maglumata görä, bu wakada başga-da iki söweşiji ýaralanypdyr. Şeýle-de, resmiler öldürilenleriň aglabasynyň daşary ýurtlydygyny, emma olaryň milleti barada maglumatyň ýokdugyny mälim etdiler.
Pakistanyň “Dawn” gazetiniň ýazmagyna görä, gürrüňi gidýän territoriýa “Al-Kaýda”, şeýle-de özbek we uýgur ýaly daşary ýurtly söweşijiler tarapyndan” ulanylýar.
Bu aralykda, Syh jemgyýetiniň agzalary hüjüme protest bildirip, 6-njy awgustda Peşawaryň esasy ýoluny böwetlediler. 6-njy awgustda bolan hüjümde Syh jemgyýetiniň bir agzasy öldürilip, şeýle-de üç sanysy ýaralandy.
Syh jemgyýetiniň agzalary resmilerden hüjümçileri tapmagy we olary tussag etmegi talap edýärler.