Sepleriň elýeterliligi

Gazak protestçileri açlyk yglan etdi


Gazagystanda hökümet tarapyndan emlägi konfiskasiýa edilen bäş zenan açlyk yglan etdi. Gürrüňi gidýän zenanlar, protestçileriň biri Altyn Çerwaliýewa degişli öýüň daşyna ýygnanyp, 6-njy awgustda protest çärelerine başladylar.

Çerwaliýewanyň Astananyň etegindäki ýaşaýyş jaýy we ýeri 8-nji awgustda gazak hökümeti tarapyndan konfiskasiýa edilmeli.

Gazagystanyň prezidentlik edarasynyň başlygy Nurlan Nygmatullin gürrüňi gidýän zenanlar bilen 1-nji awgustda duşuşmaga razy bolmazdan öň, protestçi zenanlar ençeme gününi we gijesini Gazagystanyň hökümet binasynyň öňünde geçirdiler. Zenanlar bu duşuşykda belli bir netijä gelinmändigini aýdýarlar.

Protestçi zenanlar “döwlet zerurulyklary” diýlip konfiskasiýa edilen ýa-da ediljek emläkleri üçin talabalaýyk kompensasiýa berilmegini talap edýärler.

XS
SM
MD
LG