Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Internetiň tizligi nähili?


Internet kafe, Aşgabat
Internet kafe, Aşgabat

Türkmenistan tehnologiýa taýdan ösüş boýunça ýene-de dünýäniň iň yzagalak ýurtlarynyň arasynda agzaldy.

Internet tehnologiýalary boýunça barlag geçirýän “Ookla” kompaniýasynyň ýaýradan dünýä boýunça Internet indeksi hasabatynda Internetiň tizligi boýunça Türkmenistan Demirgazyk Koreýa, Kongo, Somali bilen bir hatarda bu hakda degişli maglumat berilmedik ýurtlaryň biridir.

Hasabatda Internetiň tizligi boýunça yzagalak ýurt diýlip kesgitlenen Özbegistan 193 ýurduň arasynda 174-nji ýerde ýerleşdirilipdir, bu ýurtda Internetiň tizliginiň sekundda 2,7 Mb (megabit) töweregindedigi aýdylýar.

Öňe saýlanan postsowet ýurtlar

“Ookla” kompaniýasynyň hasabatyna görä, postsowet regionynyň ençeme ýurdy Internetiň tizligi boýunça dünýä ýüzünde iň ösenleriň hataryna girýär. Olaryň arasynda Baltika döwletleri Internete girmegiň ortaça tizligi boýunça öňe saýlandy, 193 ýurtdan Litwa 7-nji ýerde, Latwiýa 12-nji ýerde goýlup, hatda ABŞ-dan we käbir Ýewropa ýurtlaryndan öňe saýlanypdyr.

Orsýet 35-nji, Ukraina 36-njy ýerde.

Türkmenistanyň goňşularynda

Hasabatda Türkmenistanyň goňşularynyň arasynda Gazagystan bu ugurdan iň ösen hasaplanýar we 57-nji ýerde durýar, Azerbaýjan 120-nji ýerde, Eýran 158-nji ýerde we Owganystan 189-njy ýerde ýerleşýär.

Merkezi Aziýa regionynyň beýleki ýurtlary bolan Gyrgyzystan 71-nji ýerde we Täjigistan 74-nji ýerde diýlip, “Ookla” kompaniýasynyň çap eden Internet indeksinde görkezilýär.

“Ookla” Internete degişli barlaglary geçirýän we Internetiň tizligini ölçeýji tehnologiýalaryň üstünde işlemekde dünýä lideri hasaplanýar. Kompaniýanyň resmi saýtynda onuň programmalarynyň dünýäniň 30-dan gowrak diline terjime edilip, olardan günde üç milliondan gowrak adamynyň peýdalanýandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG