Sepleriň elýeterliligi

“Türkmençe terminleri bilmeýäris"


Türkmenistanyň "Türkmen dili" gazeti.

Türkmenistanyň "Türkmen dili" gazeti.

Soňky ýyllarda Türkmenistandan daşary ýurtlara gidip okaýan ýaşlaryň sanynyň barha köpelýändigi aýdylýar. Ýokary bilimini daşary ýurtlarda tamamlap, Türkmenistana dolanan ýaşlaryň bolsa, alan diplomlaryny ýurtda tassyklatmaly bolýandyklary, onuň çäginde türkmen dilinden hem synag tabşyrmalydyklary resmi maglumatlarda bellenilýär.

Eýsem, daşary ýurt dilinde bilim alan türkmenistanly ýaşlar, şol alan bilimlerini Türkmenistanda türkmen dilinde nähili özleşdirmegi göz öňünde tutýarlar?

Azatlyk Radiosy bu soragyň jogaby bilen gyzyklanyp, ýokary bilimini Türkiýede we Ukrainada dowam etdirýän türkmenistanly ýaşlar bilen söhbetdeş boldy.

XS
SM
MD
LG