Sepleriň elýeterliligi

Garamat bir agyr ýük…


Türkmen toýundan bir bölek

Türkmen toýundan bir bölek

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň goşgusy.

Ana, otyr arzuwyň
Lowurdap, duluň bezäp.
Ak bagta ýetmek üçin,
Kän çekdiň gara güzap.

Garamat bir agyr ýük,
Ony är egni çeker.
Ot bilen giren gelin
Külüň bilenem çykar.

Aglasaň köşeşdirer,
Ýalan gülseň agladar.
Ýeke gezek aldap gör –
Ol on gezek aldadar!

Ahmal bolsaň araňa
Göripler çöp atarlar…
Mertebe atly baýdak
Iki bolup göterler!

Geçirdiňmi duluňa –
Öz aladaň bir çete!
Bir-ä yza ýöreme,
Birem sowulma çepe.

Gadamyňy batly ur,
Gyrmyl-gyrmyl gyr aşma.
Yşk köşgüni özüň gur,
Keramata garaşma.

Çat açar gödek söze
Päk aýna zenan göwni.
Hak söz ýeterlik, oňa
Gerek däl ýalan öwgi.

Bagt guşuny uçursaň
Gonmaz depäňe gaýdyp.
Haraý istäp aglama,
Asmana arzyň aýdyp.

Duýga ynan. Ynanma
Göwher gaşly ýüzüge…
Uýma haram pikire –
Syýr halaly ýüzüňe!

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG