Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ispaniýala “Ebola” wirusy ýokaşdy


Günbatar Afrikada “Ebola” wirusy ýokaşan Ispaniýanyň raýaty öýüne dolandy. Şeýlelikde, Ispaniýa öz raýatyna “Ebola” wirusy ýokaşan ikinji Günbatar ýurdy boldy.

Liberiýadaky keselhanada işlän ruhany Miguel Paýares (Miguel Pajares) Ispaniýanyň Howa güýçlerine degişli uçarda Madridiň golaýyndaky aeroporta bardy.

Şu aýyň başynda “Ebola” wirusy ýokaşan iki amerikan raýaty hem Liberiýadan Birleşen Ştatlaryň Atlanta sebitine barypdy. Olara Atlanda-da heniz adamda synag edilmedik derman bilen bejergi berdiler.

Berlen maglumatlara görä, Birleşen Ştatlaryň işlenilip taýýarlanan derman bilen üpjün edilen bu amerikalylaryň saglyk ýagdaýlary gowulaşýar.

Häzire çenli “Ebula” wirusy sebäpli 1 müňe golaý adam heläk boldy.

XS
SM
MD
LG