Sepleriň elýeterliligi

Russiýa käbir ýurtlaryň harytlaryna embargo girizdi


Russiýa Birleşen Ştatlardan, Ýewropa Bileleşiginden, Awstraliýadan, Kanadadan we Norwegiýadan import edilýän iýmit önümleriniň aglabasyna “doly embargo” girizýändigini mälim etdi.

Bu embargo Moskwanyň Ukraina babatda alyp barýan syýasatyna garşy Günbatar ýurtlary tarapyndan girizilen sanksiýalara jogap hökmünde amala aşyrylýar. Gürrüňi gidýän embargo sygyr, doňuz we guş etleriniň, balyk, bag we bakja önümleriniň, süýt önümleriniň Russiýa import edilmegine öz täsirini ýetirer.

Gürrüňi gidýän gadaganlyk 7-nji awgustda Russiýada geçirilen hökümet maslahatynda premýer-ministr Dmitriý Medwedew tarapyndan yglan edildi. Embargo yglan edilen dessine güýje girip, 1 ýyl dowam eder.

Birleşen Ştatlar 6-njy awgustda beren maglumatynda şuňa meňzeş çäreler Russiýany halkara jemgyýetinden üzňeleşdirer diýdi.

XS
SM
MD
LG