Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Ukrain esgerleri açlyk yglan etdi


Ukrainanyň serhedinden Russiýa geçen ukrain güýçleriniň komandiri öz hal-ýagdaýlaryna protest bildirmek üçin esgerleriň köpüsiniň açlyk yglan edendigini aýdýar.

Ukrainanyň Armiýasynyň komandiri Andriý Hryşçenko (Andriy Hryshchenko) 6-njy awgustda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda bu karara Gukowo serhet geçelgesiniň golaýynda Russiýanyň resmileri tarapyndan ukrain esgerlerine berlen lagerde gelnendigini aýtdy.

Açlyk yglan eden esgerleriň sany barada henize çenli takyk maglumat berilmeýär. Eger Ukrainanyň serhedinden Russiýanyň araçägine geçen, soňra-da yzyna dolanan ukrain esgerleriniň sany barada peýda bolan maglumatlar takyk bolsa, onda häzirki wagt Russiýada takmynan 66 ukrain esgeri ýa-da serhet gullukçysy bar.

Hryşçenkonyň sözlerine görä, Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugy ukrainleri işe almaga synanyşypdyr. Ol Russiýa tarapdary separatistler tarapyndan Russiýa geçmäge mejbur edilmezden öň, iki aýyň dowamynda öz esgerleriniň “batyrgaý söweşendigini” we “ortaça netijeleri” gazanandygyny sözüniň üstüne goşdy.

XS
SM
MD
LG