Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kiýew: “Maýdanda” çaknyşyklar boldy


Ukrainanyň paýtagty Kiýewde demonstrantlar şäheriň Garaşsyzlyk meýdançasyndaky çadyrlary we barrikadalary arassalamaga çalyşýan şäher işgärleri bilen çaknyşdylar.

Protestçiler häkimligiň işgärlerine tigirleriň galyndylaryny hem-de çüýşeleri we kerpiçleri zyňdylar.

Polisiýa we häkimligiň işgärleri ýagdaýy çözmän duýdansyz territoriýany terk etdiler.

“Maýdan” ady bilen tanalýan meýdança öten gyşyň ahyrynda ýurtda hökümete garşy bolan köpçülikleýin protestleriň dörän ýeri hasaplanylýar. Şol protestleriň netijesinde Ukrainanyň Russiýa tarapdary prezidenti Wiktor Ýanukowiç häkimiýetden çetleşdirilipdi.

Maý aýynda Petro Poroşenko ýurduň täze prezidenti saýlanypdy. Ýöne ýüzlerçe protestçi ýurtda reformalaryň amala aşyryljakdygyna täze hökümetiň kepil geçmegini isleýändiklerini aýdyp, meýdandan yzlaryna çekilmediler.

Maý aýynda Witaliý Kliçko häkim saýlanany bäri Kiýewiň häkimiýetleri gürrüňi gidýän meýdany arassalamak üçin protestçiler bilen gepleşikleri geçirmäge çalyşýarlar.

XS
SM
MD
LG