Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanly obligasiýa eýeleri nägile


Özbegistanyň döwlet obligasiýalary

Özbegistanyň döwlet obligasiýalary

Sersenbaý ata Özbegistanyň gelejegini göz öňünde tutup, ýurda uly möçberde maýa goýupdy. Ol şol wagtlar ýurda goýan pullary gelejekde öz maňlaýyndan dirär öýdüpdi.

Ýöne, ynha, haçan-da olaryň pullary yzyna gaýtarylyp berlende, Nukusyň ýaşaýjysy özlerine tölenýän puluň möçberiniň örän ujypsyzdygyna düşünip galdy.

Özbegistanyň Maliýe ministrligi 1992-nji ýylda 12 göterimlik girdeji wada berlip, eýelerine gowşurylan obligasiýalar 30-njy noýabra çenli yzyna tölener diýdi.

Sersenbaý ata ministriň çykyşyndan soň hakyny soramak üçin degişli edaralara ýüz tutdy. Ýöne ol pullary obligasiýa eýelerine gaýtaryp bermek tertibinde özbek somunyň hümmetsizlenmeginiň hasaba alynmandygyna göz ýetirdi.

“Biz bankdan pulumyzy yzyna aljak bolanymyzda, mundan 20 ýyl ozal hökümete geçiren pulumyzyň diňe ujypsyzja bölegini yzyna alýandygymyza iň soňky minutda göz ýetirip galdyk” diýip, Sersenbaý ata gürrüň berýär.

Ýagdaý şeýle, ýagny biziň gürrüňini edýän ýaşulymyzyň 20 ýyl mundan ozal goýan 1000 somuna derek, 12 göterümlik girdeji göz öňünde tutulyp, bu günki gün 1173 som tölenýär. Ýöne bu ýerde aýdyňlaşdyrylmaly bir mesele bar, ýagny Sersenbaý atanyň 20 ýyl mundan ozal goýan puluna şol döwürde bir maşyn satyn alyp bolýardy. Ynha, bu günki gün ol özüne gaýtarylyp berilýän pula ýarym kilo et satyn alyp bilýär.

Protest

4-nji awgustda Nukus şäherindäki “Halk bankyň” binasynyň öňünde protest çäresini geçirýän 500-e golaý obligasiýa eýeleriniň hataryna Sersenbaý ata-da goşulypdyr. Ýagdaýy bulaşdyrýan ýene bir mesele bar. Hökümet eýeçilgindäki agzalýan bank obligasiýa eýelerine olaryň pullaryny yzyna tölemek üçin özlerinde ýeterlik nagt puluň ýokdugyny aýdyp, adamlardan bank hasabyny açdyrmaklaryny we pullarynyň şol hasaba geçiriljekdigini habar beripdir.

Şeýle protest çäreleri ýurduň çar künjeginde, has takygy paýtagt Daşkentde, Buharada, Ferganada we Samarkantda-da geçirildi.

Maliýe mnistrliginiň resmi websaýtynda ýaýradan beýanatynda obligasiýalaryň öweziniň dolunmagynyň sebäbi “hökümetiň ozal öz üstüne alan jogapkärçiligini şertsiz ýerine ýetirmegi we halkyň ynamyny gazanmagy” diýip düşündirilýär.

Muňa garamazdan, köp sanly obligasiýa eýeleri özleriniň hökümete bolan ynamynyň synandygyny adýarlar we hökümeti hilegärlikde aýyplaýarlar.

Özüniň doly adyny aýtmakdan saklanan 60 ýaşly daşkentli Sergeý: “Şo döwürlerde men obligasiýalar üçin 25 müň som pul goýupdym. Indi häzir meniň hasabyma görä, men hökümetden 1.2 million som almaly” diýýär.

Ýöne ýaňky agzalan girdejä derek Sergeýe bary-ýogy 32,325 som gaýtarylyp berlipdir.

"Uznews.net" saýtynda çykyş eden pensioner: “Hökümet nädip halky bu derejede äsgermezlik edip, adamlaryň göwnüni syndyryp bilýär?” diýip, sorag bilen ýüzlenýär.

Daşkendiň, ene-atasyndan özüne uly möçberde obligasiýa miras galan 36 ýaşly ýaşaýjysy Munisa: “Bu ýagdaý häkimiýetleriň barypýatan kezzapdygyny görkezýär. Demokratiki ýurtlarda şeýle ýagdaý ýüze çykanda, halk hökümeti suda berýär” diýýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynda adyny aýtmazlyk şerti bilen çykyş eden özbegistanly ykdysadyýetçi şeýle meseleleriň ýüze çykmagynyň ahmaldygy barada öňünden hiç zat aýdylmandygyny gürrüň berýär. Ol: “Maliýe ministri obligasiýalaryň kadaly ýöredilýändgini we halkyň obligasiýalardan gazanjak girdejileriniň adamlarda umyt döredýändigini ozal kän tekrarlardy” diýýär.

Ynha, indi welin Sersenbaý ata ýaly ýönekeý raýatlaryň umytlary syndyryldy.

Ol, haçan-da Yslam Karimow ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek üçin halky 24 million soma çenli obligasiýa satyn almaga çagyranda, bu işe baş goşandygyny aýdýar.

Sersenbaý ata: “Karimow şonda ‘biz siziň puluňyzy göterimi bilen yzyna gaýtaryp bereris’ diýipdi, bizem näme, oňa ynandyk. Ýöne häzir ýurt baştutany biziň göwnümizi sy:ndyrdy” diýýär.

XS
SM
MD
LG