Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Konstitusion topar işine başlady


Türkmenistanyň Konstitusion komissiýasy öz işine başlady.

Türkmenistanyň Konstitusion komissiýasy öz işine başlady.

Türkmenistanyň Konstitusion komissiýasy öz işine başlady. Ýurduň Baş kanunyny kämilleşdirmek we halkara standartlaryna laýyk getirmek maksady bilen şu ýylyň maý aýynda bu Komissiýany döretmek baradaky karara gol çekilipdi.

Komissiýanyň birinji maslahatyna baştutanlyk eden Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow onuň işläp başlamagyny döwletiň we jemgyýetiň durmuşynda “möhüm waka” diýip atlandyrdy.

Garaşsyzlyk döwründe öň iki gezek Türkmenistanyň täze Konstitusiýasy kabul edilipdi. 1992-nji ýylda kabul edilen birinji Konstitusiýasyna 1995, 1999, 2003 we 2006-njy ýyllarda üýtgetmeler girizilipdi.

Türkmenistanyň Baş kanunlary

Türkmen resmileri ozaky Konstitusiýalaryň wagtyň synagyndan üstünlikli geçendigini we syýasy-jemgyýetçilik taýdan möhüm waka bolandygyny aýdýarlar. Resmi maglumatlarda 2008-nji ýylyň Konstitusiýasy esasynda täzelenen milli kanunlaryň raýatlaryň syýasy, ykdysady we sosial hukuklarynyň iş ýüzünde berjaý edilmegine uly goşant goşandygy aýdylýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda demokratik, kanunlara daýanýan we dünýewi döwletiň modeli göz öňünde tutulýar.

Prezident Berdimuhamedow konstitusion reformalary amala aşyrmakda Mejlise esasy rol berilýändigini, Mejlisiň ýanynda ýörite komissiýanyň döredilmegini we Konstitusion komissiýanyň ýanynda gowuşýan teklipleri öwrenmek üçin ýene bir komissiýanyň döredilmegini zerur diýip hasap edýändigini aýtdy.

Resmi maglumatlara görä, konstitusion reformalar boýunça giňden habar bermek üçin habar serişdelerinden hem-de Internetden peýdalanmaga alymlary, döwlet işgärlerini, ýaşlary, syýasy partiýalary we jemgyýetçilik bileleşikleriniň wekillerini gatnaşdyrmaga tabşyryk berildi.

Konstitusion komissiýanyň öňünde Türkmenistanyň Baş kanunyny kämilleşdirmek boýunça umumy maksat goýulýar, emma kämilligiň derejeleri takyklaşdyrylmaýar.

Şol bir wagtda-da maslahatda çykyş edenler öz öňünde goýlan maksatlary berjaý etmäge taýýarlyk bildirdiler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG