Sepleriň elýeterliligi

Guseýnow: Erkin dil deňlige, ýöntem dil baknalyga getirýär


Orsýetli dilçi filolog Gasan Guseýnow

Orsýetli dilçi filolog Gasan Guseýnow

Türkmen diliniň il içinde ulanylýan görnüşi we türkmen resmileriniň çykyşlarynda we milli habar serişdelerinde ulanylýan görnüşi bar. Bu görnüşler belli bir derejede özara tapawutlanýar. Resmi diliň aýratynlyklaryna garasaň, Garaşsyzlyk döwründe türkmen resmileriniň hem metbugatynyň dili sowet döwründäkisinden özgerdi, muny hususan-da dilde ors sözleriniň azalmagynda görmek mümkin. Emma diliň asla özgermedik tarapy-da bar. Türkmen metbugatynda ulanylýan resmi dilde syýasy ideologiýa ýugrulan propagandistik äheň saklanyp galdy we özboluşly bir häsiýete eýe boldy.

Azatlyk Radiosy syýasy propagandanyň diliň ösüşine ýetirýän täsiri we netijeleri barda orsýetli dilçi, filologiýa ylymlarynyň doktory, filologiýanyň taryhy, syýasat we edebiýat boýunça ençeme kitaplaryň we makalalaryň awtory, şeýle-de Orsýetiň we Ýewropanyň uniwersitetleriniň professory Gasan Guseýnowy söhbetdeşlige çagyrdy.

Azatlyk Radiosy: Syýasy ideologiýanyň we propagandanyň dili barada aýdylanda, dünýäde bu ugurdan haýsy-da bolsa ýörite işlenip düzülen syýasy usullar barmy ýa-da her bir jemgyýet, her bir awtoritar režim öz derejesine, öz ukybyna laýyklykda öz dilini çäklendirýärmi?

Gasan Guseýnow: Her bir ýurtda we her bir dilde bu proses özüçe geçýär diýilse has dogry bolarmyka diýýärin. Emma bu ýerde öňki Sowet Soýuzyna mahsus bolan bir ýagdaý hem bar. Propagandanyň dile ýetiren täsirini diňe bir Merkezi Aziýa ýurtlary däl-de, Baltika döwletleri-de başdan geçiripdi. 1980-nji ýyllaryň aýagynda latwiýaly ajaýyp ýazyjy Skuýenieks örän gyzykly bir zady aýdypdy. Ol sowet döwründe resmi we syýasy diliň ors dilinde bolandygy, milli dilde bolsa goşgularyň, edebi eserleriň çap bolup, netijede ýurt garaşsyzlygyny alanda, latyş milli diliniň býurokratik tagmalardan saplanyp, has arassa bolup çykandygyny aýtdy. Latyş dilinde şeýle sözlere “rusizm”, ýagny ors dilinden alnan sözler hökmünde garaldy. Şeýlelikde diliň tebigy ýagdaýda özbaşdak ösmegine mümkinçilik beren bu ýagdaý täze durmuş üçin özboluşly bir çeşme boldy.

Emma Türkmenistanda ýagdaý düýpden başgaça boldy. Bu ýurtda jansyz sowet resmi diliniň esasynda umumy primitiwlik, ýöntemleşme prosesi emele geldi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda resmi diliň çäkliligine sowet döwründen galan miras hökmünde garaýarsyňyzmy?

Gasan Guseýnow: Ýok, bu has çylşyrymly ýagdaý diýip pikir edýärin. Sowet Soýuzy darganda öňki jemgyýetler ösüş ýolunda özleriniň ençeme asyr yzda galandygyna göz ýetiripdiler. Türkmenistanda soňky wagtda çap bolan zatlara, Türkmenbaşynyň eserlerine syn edenimde, türkmen jemgyýetiniň jemgyýetçilik-syýasy ösüşiň ähli tapgyrlaryndan yza gaýdyp, näbelli bir döwre düşendigi barada pikir döredi. Ony postsosialistik ýa-da hatda feodal döwür hökmünde-de häsiýetlendirmek kyn bolýar. Şeýle ýagdaý dolandyryjy funksiýalaryň minimal möçberine esaslanýan bir diliň döremegine getiren bolmaly.

Azatlyk Radiosy: Diliň çäklendirilmegi awtoritar ýurtlara mahsus zat, muňa dünýä taryhynda ençeme mysallar bar. Bu edebiýatda hem orun tapan ýagdaý, bu, hususan-da, Jorj Orueliň awtoritarizm barada ýazan ”1984” atly romanynda "newspeak", ýagny ”täzedil” ady bilen häsiýetlendirilýär. Diliň çäklendirilmegi awtoritar režimlere näme berýär?

Gasan Guseýnow: Bu syýasatda manipulýasiýanyň, gözboýagçylygyň ulanylmagyna ýol açýar. Köp adamyň ykbalynyň özüne garaşlydygyna göz ýetiren ýolbaşçy özüni Allatagalladan kem saýmaýar. Täze dili döretmekden hem çekinmeýär. Diliň sadalaşdyrylmagy ýolbaşçylar üçin adamlar bilen gepleşmegi aňsatlaşdyrýar. Adamlary özüne bakna etmegi aňsatlaşdyrýar, sebäbi tebigy, erkin dil adamlary deň derejede goýýar, ýolbaşçylary adamlar bilen deň şertlerde, käte has bilimli, has baý dilli we akylly adamlar bilen dil tapyşmaga mejbur edýär. Şeýle ýagdaýda gowşak ýolbaşçylar utulýar. Şeýlelikde diliň düzgünlerini emeli taýdan kesgitleýän ýolbaşçy özüni has akylly, başgalary bolsa samsyk edip görkezip bilýär. Emma soň ýolbaşçylar hem soňra özleriniň döreden emeli diline ýesir düşýärler. Primitiw, ýöntem diliň durmuşdan üzňeligi netijede režimiň ýa-da jemgyýetiň dargamagyna sebäp bolup bilýär. Adamlar köplenç başga dillere geçip gutulýarlar.

Azatlyk Radiosy: Diliň ösmän, ýitip gitmegi ýa-da halas bolmagy nämä bagly bolýar?

Gasan Guseýnow: Bu diňe bir şerte bagly bolýar. Dili gymmatlyk hasaplaýan adamlaryň bolmagyna bagly bolýar. Öz dilinde möhüm eserleri döretmegiň ähmiýetine göz ýetirýän we bilýän zatlaryny öz çagalaryna miras galdyrmagy isleýän adamlara bagly bolýar. Dile hormat goýulmagyna, oňa bar zadyň başlangyjy hökmünde garalmagyna bagly bolar. Dil adamlar üçin diňe bir birek-birek bilen habar alşylýan serişde bolman, dil adamlaryň durmuş giňişligidir. Bu giňişligiň amatlylygy oňa her bir nesliň goşant goşup baýlaşdyrmagyna ýa-da tersine äsgermezligine bagly bolýar. Mekdep mugallymlary, maşgalalaryň özleri çaganyň diliniň baýlygyna üns berip, dili ösdürip bilýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG