Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


Birnäçe ýaş oglan-gyzlaryň mobil telefonda gyzykly waka tomaşa edip duran pursatyny görkezýän surat.
Birnäçe ýaş oglan-gyzlaryň mobil telefonda gyzykly waka tomaşa edip duran pursatyny görkezýän surat.

Tomus aýlary dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan adamlaryň dynç alýan möwsümidir. Soňky ýyllarda internediň elýeterliliginiň artmagy netijesinde adamlar, ylaýta-da ýaşlar özleriniň nirede dynç alýandyklary, dynç alýarkalar nähili ýerlere gezelenç edýändikleri, ol ýerlerde nämeleri görüp-eşidýändikleri, hatda nähili tagamlary iýýändikleri barada sosial ulgamlardaky sahypalarynda ýazýarlar we degişli suratlary hem dostlary bilen paýlaşýarlar.

Emma Beýik Britaniýanyň “Demos” atly derňew merkeziniň geçiren soňky barlaglaryna görä, syýahatçylar tarapyndan paýlaşylan şol maglumatlar ogrular tarapyndan ele salnyp, maglumat eýeleriniň garşysyna käbir ogurlyklaryň amala aşyrylmagyna sebäp bolup bilýär.

Çünki agzalýan merkeziň ýakynda geçiren derňewleriniň netijelerine görä, öňki ogrularyň 78%-i özleriniň göz diken emläklerini ogurlamak üçin şol emläkleriň eýeleri tarapyndan sosial ulgamlarda paýlaşylan maglumatlardan peýdalanandyklaryny aýdýarlar.

“Demos” derňew merkeziniň eksperti Rob Makperson (Rob Macpherson) Britaniýanyň “ITV” telekanalyna beren interwýusynda “sosial ulgamy ulananyňyzda, sizi kimleriň diňläp bilýändiginden hemişe ägä boluň” diýýär.

Beýik Britaniýanyň "The Co-Operative Incuranse” kompaniýasy tarapyndan geçirilen barlaglara görä, syýahatçylaryň 51%-i sosial mediany nirelerde dynç alýandyklaryny görkezmek üçin ulanýarlar. Bu kompaniýanyň derňewlerinde 18-24 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň 68%-i özleriniň nirede dynç alýandyklary barada maglumatlary sosial ulgamlarda çap edipdirler.

Twitter

Soňky aýlarda türkmen ýaşlarynyň käbirleri hem özleriniň nirelerde dynç alýandyklary baradaky maglumatlary sosial ulgamlardaky sahypalarynda çap edýärler. Emma siziň bilen bu baradaky maglumatlary däl-de, Twitter sosial ulgamynda türkmen ýaşlary tarapyndan gyzyklanma döreden bir tweeti paýlaşýarys. Bu tweet sosial ulgamyň Kamila atly agzasy tarapyndan ýazylypdyr.

Tweetde: “Elimizden gidenlere ýaşymyz bir çene baranda düşünip galýas. Daýzamyň aýdyşy ýaly "şol köwşi ýyrtyk oglandan başga meni çyndan söýýän ýok eken”. 5-nji awgustda paýlaşylan bu tweet 8-nji awgusta çenli 7 sapar gaýtadan çap edilipdir we oňa jemi üç teswir ýazylypdyr. Teswirleriň birinde Welmyrat atly agzanyň: “Bet sözler” diýip ýazan teswirine, tweeti ýazan agza: “wah, hakykat” diýip, jogap beripdir.

“VKontakte”

“VKontakte” sosial ulgamyndaky türkmen ýaşlarynyň käbirleriniň arasynda bolsa, “Türkmen sungat älemi” atly topar tarapyndan paýlaşylan wideoklip uly gyzyklanma döredipdir. Bu wideoýazgy aýdymlary ýaşlaryň ençemesi tarapyndan uly gyzyklanma bilen diňlenýän aýdymçy Myrat Öwezowyň “Asmanda Aý” atly täze aýdymyna düşürilen klipdir.

​Ýaşlaryň arasynda Myrat Öz ady bilen hem tanalýan aýdymçynyň bu täze aýdymy sosial ulgamyň agzalarynyň käbirleri tarapyndan halansa, käbirleri tarapyndan tankydy teswirleriň ýazylmagyna sebäp bolupdyr.

“VKontakte” sosial ulgamynyň Jemala Baýramowa atly agzasy öz teswirinde Myrat Öwezowyň “aýdymynyň gowudygyny, emma wideoklibiň o diýen öwerlikli däldigini” belläpdir. Keşa Denjer ady bilen teswir galdyran agza bolsa: “Aýdym gowy, söz ýok. Klibi has giňişleýin bolup bilerdi, agam..” diýip, öz pikirini beýan edipdir.

Umuman, 5-nji awgustda paýlaşylan bu wideoklip 8-nji awgusta çenli 45 sapar halanyp, ýedi gezek hem gaýtadan çap edilipdir we jemi 14 sany hem teswir ýazylypdyr.

“Ertir.com”

“Ertir.com” sosial ulgamynda Mertebe atly agzanyň orta atan “Näme üçin adamlar öz jynslaryny üýtgedýärler?” diýen temasy sosial ulgamyň käbir agzalarynyň arasynda uly gyzyklanma döredipdir.

Temanyň adyndan belli bolşy ýaly, bu pikir alşykda adamlaryň näme üçin öz jynsyny üýtgedýändigi barada soralýar. 4-nji awgustda paýlaşylan bu tema 8-nji awgusta çenli 982 gezek okalyp, 30 sapar hem halanypdyr we oňa jemi 48 sany teswir ýazylypdyr.

Teswirlerde Perwana we käbir beýleki agzalar “Olar ýaly adamlara azan adamlar diýilýär” diýip ýazsa, temany gozgan Mertebe we käbir beýleki agzalar “Ýeke bir azmak däl, başga faktlar hem bolup biler” diýip, bu tema boýunça öz pikir-garaýşyny gysgaça beýan edipdir.

XS
SM
MD
LG