Sepleriň elýeterliligi

Russiýa “Wi-Fi” anonim girmegi gadagan edýär


Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedew köpçülikleýin ýerlerde simsiz Wi-Fi internet ulgamyna anonim, ýagny şahsyňy mälim etmän girmegi gadagan edýän karara gol goýdy.

Medwedewiň 8-nji awgustda gol goýan bu kararyna laýyklykda, “kollektiw baglanmak” diýlip atlandyrylýan territoriýalarda “Wi-Fi” ulanyjylardan internede girmezden öň, şahsyýetlerini belli etmekleri talap edilýär. Muňa garamazdan, bu kararyň anyk köpçülikleýin ýerlere täsir ýetirip-ýetirmändigi henize çenli nämälim bolup galýar.

“Wi-Fi” ulanyjylary özleriniň doly atlaryny ýazanlaryndan soň, şahsyýeti tassyklanan mahaly internede girip bilerler.

Russiýanyň häkimiýetleri ýaşaýjylaryň Internetden peýdalanmagyna garşy öz gözegçiliklerini güýçlendirýärler.

Ýakynda Russiýada kabul edilen kanuna laýyklykda, günde 3 müňden artyk okyjysy bolan bloggerleriň ýurduň köpçülikleýin metbugat sazlaýjysy - “Roskomnadzorda” hasaba durmagy we onuň düzgünlerini kabul etmegi talap edilýär.

Bloggerler hem anonim iş alyp baryp bilmeýärler.

XS
SM
MD
LG