Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Gaza zarba urdy


Ysraýylyň harbylary Gaza zolagyna täze howa hüjümlerini amala aşyryp başladylar. Bu hüjümler üç günlük ýaraşygyň möhleti tamamlanandan soň, Gaza zolagyndaky söweşijiler tarapyndan Ysraýyla takmynan on raketa uçurylandan soň amala aşyrylýar.

Palestinanyň saglyk resmileri Ysraýyl tarapyndan Gaza şäherindäki metjidiň golaýyna edilen howa zarbasynda 10 ýaşyndaky çaganyň ölendigini, şeýle-de alty sanysynyň ýaralanandygyny habar berýärler.

Täzelenen duşmançylykly hüjümler Kairde Ysraýylyň resmileri bilen palestinaly dürli toparlaryň arasynda bir gije dowam eden gepleşiklerde iki tarap hem öz talaplary barada ylalaşyga gelmekde şowsuz bolansoň başlady.

“Hamas” toparynyň metbugat wekili Fawzi Barhumyň sözlerine görä, Ysraýylyň resmileri Palestinanyň talaplaryny kabul etmändigi sebäpli Gaza kontrollyk edýän yslamçy topar ýaraşygyň möhletini uzaltmagy ret edipdir.

XS
SM
MD
LG