Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Azeri aktiwist tussag edildi


Azerbaýjanda adam hukuklaryny goraýan tanymal aktiwist tussag edildi.

8-nji awgustda Intigam Aliýewiň gyzy Bakuwyň polisiýasy tarapyndan kakasynyň tussaghana alnyp gidilendigini we Aliýewiň öýünde derňewçiler tarapyndan gözleg işleriniň geçirilendigini aýtdy.

Aliýew adam hukuklary boýunça aktiwist bolup, ol 2013-nji ýylda Çehiýa respublikasynda “Homo Homini” adam hukuklary baýragy bilen sylaglanypdy.

Aktiwistiň näme üçin tussag edilendigi henize çenli nämälimdigine galýar.

Aliýew Azerbaýjanda tussag edilen aktiwistleriň iň soňkusydyr. Azerbaýjanda Rasaul Jafarow salgyt galplyklary diýilýän derňewler bilen ilteşikli we wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanyp, 2-nji awgustda tussag edilipdi.

Şeýle-de, aktiwistler Leýla we Arif Ýunus hem ýurda dönüklik etmekde, salgyt galplyklarynda we bikanun telekeçilik etmekde aýyplanyp tussag edilipdiler.

XS
SM
MD
LG