Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Obama zarba urmaga rugsat berdi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, Waşington, 7-nji awgust, 2014.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, Waşington, 7-nji awgust, 2014.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Yragyň Erbil şäherinde ýerleşýän amerikan harbylaryny we diplomatik wekillerini goramak üçin zerur bolan ýagdaýynda harbylara Yrakda yslam söweşijileriniň garşysyna howa zarbalaryny urmaga ygtyýar berendigini aýtdy.

Obama onlarça müň ýezidiň “Yslam döwletiniň” söweşijileriniň gabawyna düşendigini aýdyp, “biz potensial genosid howpunyň öňüni almak üçin seresaply we jogapkärçilikli çemeleşmeli” diýdi.

Şeýle-de Obama “Yragyň goşunlaryna gabawy böwsüp geçmek hem gabawdaky adamlary goramak üçin zerur bolanda” belli bir nyşanlara gönükdirilen howa zarbalaryny amala aşyrmaga ygtyýar berlendigini belledi.

Obama, muňa garamazdan, Birleşen Ştatlaryň Yrakda ýene bir söweşe gatnaşmagyna özüniň rugsat bermejegini aýtdy. Obama amerikan uçarlarynyň Sinjar dagynda “Yslam döwletiniň” söweşijileriniň gabawynda suwsuz we azyksyz galýan ýezitlere howadan ynsanperwer kömeginiň oklanyp başlanandygyny aýtdy.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça baş edarasy Yragyň demirgazygynda ýezitleriň, hristianlaryň we türkmenleriň ýagdýy bilen bagly aladalanma bildirdi we parahat ilata garşy olaryň etnik ýa-da dini aýratynlyklary sebäpli yzygiderli hüjüm edilmeginiň adamzada garşy jenaýatçylyk bolup durýandygyny belledi.

Soňky günlerde “Yslam döwletiniň” söweşijileriniň hüjmleri zerarly onlarça müň ýezit we hiristian öz öýlerini terk etdi. Söweşijiler ýerli ilatyň sünni yslam dinine geçmedikleriniň ölüme höküm ediljegini duýdurdylar.

Nineweh welaýatyndan gaçyp çykan we özüni Umm Şaba diýip tanadan hristian zenan şeýle gürrüň berdi: “Raketa atylyp, adamlar wepat boldy. Raketa Karakoş şäherinde dört ýa bäş çagany we bir ýaş zenany öldürdi. Şonuň üçin biz gaçmaly bolduk, ýagdaý gowy däl”.

ABŞ-nyň üç uçary söweş uçarlarynyň goramagynda gabawdaky ýezitlere howadan berilýän ynsanperwer kömegiň çäginde 8-nji awgustda irden müňlerçe litr suwy we taýýar azygy ýetirdi.

1,5 million ilatly Kürdüstanyň paýtagty Erbilde onlarça amerikan harby geňeşçisiniň ýerleşýändigi aýdylýar. Erbilde ABŞ-nyň konsulhanasy we Yragyň harbylaryna ýardam bermek boýunça şu ýylyň başynda açylan harby merkez bar.

Obama 7-nji awgustda ýurduň Milli howpsuzlygy boýunça jogapkär resmiler bilen ýygnak geçirip, Yrakdaky ýagadýy geňeşdi.

Nýu-Ýorkda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi “Yslam döwletiniň” hüjümlerini ýazgaryp, beýannama ýaýratdy we halkara jemgyýetçiligini Yragyň hökümetine we halkyna ýardam bermäge çagyrdy.

Ýapyk gapylaryň aňrysynda geçirilen maslahatda Yragyň esasan hristian ilatly Karakoş şäheriniň basylyp alynmagynyň yzysüre Yrakda dörän gumanitar krizis maslahat edildi. Seýle-de söweşijiler hristianlaryň Kayf, Bartella we Karamleş atly şäherlerini basyp aldylar.

ABŞ-nyň harbylary Yrakda on ýyla golaý wagt bolanlaryndan soň, 2011-nji ýylyň aýagynda bu ýurtdan çykaryldylar.

XS
SM
MD
LG