Sepleriň elýeterliligi

Kemsidilmeler türkmen ýaşlaryna mahsusmy?


Ýaşlaryň adamlar tarapyndan kemsitmeler sezewar bolýandygyny suratlandyrýan pursat.

Ýaşlaryň adamlar tarapyndan kemsitmeler sezewar bolýandygyny suratlandyrýan pursat.

12-nji awgustda halkara "Ýaşlar güni” bellenilip geçiler. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan döredilen bu günüň şu ýylky temasy “Ýaşlar we ruhy saglyk” bolar.

Psihiki taýdan kemisli bolan ýaşlar oňaýsyz garalmalara we dürli kemsitmelere sezewar bolýarlar we bu bolsa olaryň özlerine negatiw garalmagyndan howatyrlanyp, kömek soramakdan çekilmegine sebäp bolýar, diýlip Birleşen Milletler guramasynyň websahypasynda bellenilýär.

Eýsem, şeýle kemsitmeleri türkmenistanly ýaşlar duýýarmy? Ýurtda şeýle ýagdaýlar göze ilýärmi? Muny nirelerde we nähili ýagdaýlarda görmek mümkin?

Nobatdaky Täze Tolkun gepleşigimizde şu barada gürrüň ederis. Bu bardaaky pikir-garaýyşlaryňyzy gepleşigimize gatnaşyp beýan etmek isleseňiz, biziň hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň, özümiz siziň bilen habarlaşarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG