Sepleriň elýeterliligi

AI owgan hökümetine çagyryş edýär


Adam hukuklaryny goraýan “Amnesty International” guramasy Owganystanda adalata ýetmek üçin Birleşen Ştatlaryň we beýleki daşary ýurt güýçleri tarapyndan amala aşyrylan hüjümlerde parahat ilatdan öldürilen ýaşaýjylaryň maşgalalarynyň çäresizligini dokumentleşdirýän raport ýaýratdy.

“Garaňkylykda terk edilenler” ady bilen ýaýradylan bu raportda Owganystanyň NATO we Birleşen Ştatlar bilen geljekde gol goýuljak islendik ylalaşygynda parahat ilatdan ýaşaýjylaryň adalatsyz öldürilmegine garşy jogapkärçiligiň ýerine ýetiriljekdigine kepil geçmegi üçin owgan hökümetine çagyryş edilýär.

“Amnesty International” guramasynyň Aziýa we Ýuwaş okean sebiti boýunça müdiriniň orunbasary Deýwid Griffitsiň (David Griffiths) sözlerine görä, gürrüňi gidýän raportda esasy üç netijäniň çykarylandygy aýdylýar.

Ýagny owgan raýatlarynyň adalata ýetmekleri üçin ýüzlenmäge hiç ýeriniň ýokdugy; daşary ýurt güýçleriň harby adalat ulgamynyň gürrüňi gidýän wakalar üçin adalaty kepil geçmeýändigi; we närazylyklary talabalaýyk çözülmedik owgan raýatlarynyň öz arkalarynda “howply gahar-gazaby miras galdyrýandygy” bellenilýär.

“Amnesty International” guramasy dokumentleşdirilen bu hüjümlerde Owganystanyň parahat ilatyndan ençeme ýaşaýjynyň, şol sanda göwreli zenanlaryň we çagalaryň öldürilendigini nygtaýar. Gurama bu hüjümleriň käbirleriniň uruş jenaýaty diýlip hasaplanyp biljekdigini sözüniň üstüne goşýar.

XS
SM
MD
LG