Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Prezident täze hökümeti düzmegi sorady


Maglumatlara görä, Yragyň prezidenti ýokary derejeli şaýy syýasatçysy Haýdar al-Abadiden (Haidar al-Abadi) täze hökümeti düzmegi sorapdyr.

Yragyň prezidenti Faud Masum tarapyndan amala aşyrylandygy habar berilýän bu çäre ýurduň esasy şaýy parlament blogy – “Milli birleşik” Nuri al-Malikiniň deregine Abadini premýer-ministr diýip yglan edenden soň bolup geçdi. Abadi häzirki wagt parlamentiň spikeriniň, ýagny başlygynyň birinji orunbasary wezipesini ýerine ýetirýär.

Maliki Yrakda aprel aýynda geçirilen netijesiz saýlawlardan bäri wagtlaýyn premýer-ministriň wezipe borçlaryny ýerine ýetirýär. Emma muňa garamazdan, sünniler, kürtler we Malikiniň käbir şaýy tarapdarlary onuň bu wezipeden çekilmegi üçin çagyryş edýärler.

Yrak yslamçy gozgalaňlar bilen söweşýän mahaly, 2006-njy ýyldan bäri premýer-ministr wezipesini ýerine ýetirýän Maliki ýurtda mezhebara ýowuzlygy möwjetmekde aýyplanýar.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri (John Kerry) özüniň 11-nji awgustda eden çykyşynda Yrakda durnukly hökümetiň düzülmegi “gaty kynçylykly” ýagdaý diýip, ýurtda howsalanyň döremegine sebäp bolmazlygy üçin Malikä duýduryş berdi.

XS
SM
MD
LG