Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: 100 tussag türmeden gaçdy


Ukrainanyň gündogarynda hökümet güýçleri bilen orsparaz söweşijileriň arasynda bolan çaknyşyklarda artilleriýa topunyň Donetsk şäherindäki türmä atylmagy netijesinde 100-den gowrak tussag türmeden gaçdy.

Maglumatlara görä, artilleriýa topy bilen amala aşyrylan hüjümiň netijesinde bir tussag öldürilipdir. Donetsk şäher geňeşiniň ýaýradan beýanatynda berk režimli bu türmede howply jenaýatçylaryň saklanylýandygy mälim edilýär.

Gürrüňi edilýän geňeşiň metbugat wekili Maksim Rowenskiýniň sözlerine görä, gaçmagy başaran tussaglaryň arasynda adam öldürmekde, ogurlyk we jynsy zorluk etmekde aýyplananlar bar.

Bu aralykda, Ukrain harbylarynyň metbugat wekili hökümet güýçleri Donetsk şäherini ele salmagyň soňky tapgyryna taýýarlyk görýärler diýýär.

XS
SM
MD
LG