Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Erdogan sesleriň 52%-ni aldy


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan ýurtda ilkinji gezek geçirilen göni prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanandan soň, Türkiýede ylalaşykly “täze eýýamyň” boljakdygyna wada berdi.

10-njy awgustda Ankarada eden çykyşynda Erdogan: “Geliň, şu gün täze ylalaşykly döwre başlalyň we köne gürrüňleri köne Türkiýede galdyralyň. Biz şu gün bir eýýamy ýapyp, täze bir eýýame gadam basýarys” diýdi.

Sesleriň ählisiniň diýen ýaly sanalmagy netijesinde sesleriň takmynan 52%-ni alan Erdogan saýlawlarda ýeňiş gazandy. Türkiýäniň saýlaw komissiýasynyň başlygy birinji tapgyrda Erdogan sesleriň aglaba köplügini ýeňdi, ýöne resmi netijeler 11-nji awgustda yglan ediler diýdi.

Erdogan Türkiýäniň Adalat we Galkynyş partiýasynyň (AKP) ýolbaşçysy bolup, ol 2003-nji ýyldan bäri Türkiýäniň premýer-ministri wezipesini ýerine ýetirýär.

XS
SM
MD
LG