Sepleriň elýeterliligi

Kosowa: 40 adam tussag edildi


Kosowanyň polisiýasy Siriýadaky we Yrakdaky ekstremistleriň hatarynda söweşmekde güman edilýän yslamçy radikallara garşy geçiren uly göwrümli operasiýasynda 40 adamy tussag etdi.

Polisiýanyň metbugat wekili Baki Kelani özüniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda 11-nji awgustda polisiýanyň Kosowanyň çägindäki 60 territoriýada reýd geçirendigini we operasiýalaryň heniz hem dowam edýändigini aýtdy.

Bu reýdler geçirilen mahaly ýaraglar, ok-däriler we partladyjy serişdeler ele salyndy.

Polisiýanyň bu çäresi henize çenli Kosowada şübheli yslamçy söweşijilerine garşy amala aşyrylan iň uly operasiýa diýlip ynanylýar.

Resmileriň berýän maglumatyna görä, 100 bilen 200 çemesi aralygynda kosowaly etniki alban Siriýadaky we Yrakdaky ekstremistleriň hataryna goşulypdyr.

Polisiýanyň maglumatynda Yrakda we Siriýada azyndan 16 kosowalynyň öldürilendigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG