Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Surat gahar-gazap döretdi


Awstraliýanyň we Birleşen Ştatlaryň liderleri Siriýada adamyň çapylan kellesini göterip duran ýaş oglanyň suratyny görüp sarsylandyklaryny aýdýarlar. Gürrüňi gidýän surat Awstraliýanyň metbugatynda köpçülige görkezilipdi.

Bu suratda 7 ýaşyndaky oglanyň öldürilen siriýaly esgeriň çapylan kellesini göterip duran pursady görünýär. Suratdaky bu çaganyň Awstraliýanyň iň köp gözlenýän yslamçy söweşijisi Haled Şarroufyň (Khaled Sharrouf) ogludygyna ynanylýar.

Gürrüňi gidýän surat Siriýanyň demirgazygyndaky Rakka şäherinde düşürilip, geçen hepde Şarroufyň Twitter hasabynda çap edildi.

Şarrouf geçen ýyl Siriýa gaçyp barypdy we häzirki wagt onuň “Yslam döwletiniň” söweşijisidigine ynanylýar.

Awstraliýanyň premýer-ministri Tobi Abbot (Toby Abbott) suratlar “Yslam döwletiniň” “terroçylykly armiýasynyň” näderejede wagşydygyny görkezýär diýdi.

XS
SM
MD
LG