Sepleriň elýeterliligi

Yragyň ýezitleri kimler?


Öz öýlerini terk eden ýezitler, Duhok, 8-nji awgust, 2014.

Öz öýlerini terk eden ýezitler, Duhok, 8-nji awgust, 2014.

Yragyň ýezit azlygynyň müňlerçe wekili ýurduň demirgazygynda “Yslam döwletiniň” söweşijileriniň harby basyşy astynda öz öýlerini terk etmäge mejbur boldy. Bu ýagdaý ABŞ-nyň ýezitlere ynsanperwer kömegini ýollamagyna itergi berdi. Ýezitler kimler?

Yslam söweşijileri demirgazyk Yrakda ýezitler azlygynyň müňlerçe wekilini gabawa salyp, Obamanyň administrasiýasyny Sinjar dagynda gaçyp gizlenen bosgunlara şu hepdede howadan ynsanperwer kömegini ýetirmäge mejbur etdiler. Ýezit halky haýsy dine uýýar we olaryň taryhy barada nähili maglumat bar.

Ýezitler kim?

Ýezitler sosial we din esasynda emele gelen bir topar. Olar, adatça, oba ýerlerinde ýaşaýarlar we daýhançylyk ýa-da maldarçylyk bilen meşgullanýarlar. Olar kürt dilinde gürleýärler. Ýezitleriň dünýädäki sany bir million töwereginde diýlip hasaplanylýar.

Bu jemgyýetiň lideri şazada adyny göterýär we Yragyň demirgazygyndaky Mosul şäherinden gündogar tarapdaky Ain Sifni şäherinde ýaşaýar.

Ýezitleriň ybadathanasy ýezitleriň arasynda mukaddes hasaplanýan Laliş obasynyň golaýynda ýerleşýär. Britaniýaly meşhur ýazyjy Agata Kristi ýеzitleriň ybadathanasyny öz ömründe gören iň ajaýyp ýerleriniň biri diýip atlandyrypdy.

Olar Yrakda seýrekmi?

Ýezitleriň köpüsi Yrakda ýaşaýar we olaryň sany 500-700 müň aralygynda hasaplanylýar. Ýezitleriň köpüsi Mosuldan günbatar tarapda ýerleşýän Sinjar dagynda ýaşaýar. Olaryň syýasy we intellektual merkezleri Mosuldan gündogarda Şeikhan etrabynda ýerleşýär. Şeýle-de onlarça müň ýezit beýleki ýurtlarda, şol sanda Siriýada, Ermenistanda, Gürjüstanda, Germaniýada we Orsýetde ýaşaýar. Ýezitleriň 20-nji asyryň başynda Eýranda hem bolandygy aýdylýar.

Olaryň dini nähili?

Ýezidizmiň döremegi 1073-1163-nji ýyllarda häzirki Liwanyň giňişligine degişli ýerde doglan musulman wagyzçysy Şeih Adiniň şahsyýeti bilen baglanyşdyrylýar. Ol Mosul şäheriniň gündogaryndaky daglarda wagyz edipdir we Lalişde ornaşypdyr.

Ýezitleriň sany soň tire-taýpalaryň bileleşmeginiň we dinden-dine geçmegiň hasabyna ýaýbaňlanypdyr.

Ýezitleriň dini Hudaýyň birligine esaslanýar we reinkarnasiýa, ýagny ölenleriň gaýtadan dünýä inýändigine ynanýar. Dini tekstler kürt diliniň kurmanji dialektinde ýazylan.

Olar öz taryhynda yzarlamalara sezewar boldularmy?

Ýezitler öz taryhynyň ilkinji ýyllarynda Mosulyň we kürt welaýatlarynyň ýerli ýolbaşçylary tarapyndan yzarlanypdy, ýerli häkimiýetler olara yslam dininden çykanlar hökmünde garapdy.

1254 we 1415-nji ýyllar aralygynda ýezitlere edilen basyşlar olaryň yslamdan bölünen din hökmünde güýçlenmegine we harbylaşmagyna sebäp boldy.

Soňra ýezitler kürtleriň häkimiýet gatlaklarynda orun tapdylar, 19-njy asyrda Osman imperiýasynyň täsiriniň ýaýbaňlanmagynyň netijesinde ýerli häkimiýetleriň hüjümleri sebäpli ýezitler Orsýete gaçyp çykdylar.

1892-nji ýylda Mosulyň Osman imperiýasyndan bolan ýolbaşçysy ýezitleri gyrgyna berdi we olaryň bir toparyny yslama geçmäge mejbur etdi.

Ýezitleriň Lalişdäki ybadathanasy metjide öwrüldi we bu ýagdaý 1904-nji ýyla çenli dowam edipdi.

Soňky döwürde ýezitleriň jemgyýeti kürtleriň azat ediş toparlarynyň we hökümet toparlarynyň arasyndaky söweşleriň arasynda galdylar we bu olary Germaniýadan gaçybatalga soramaga mejbur etdi.

Ýezitleriň beýleki dinler bilen gatnaşygy nähili?

Bir tarapdan, ýezitlere musulman goňşulary tarapyndan şübheli garalýar. Yslam dininiň we beýleki dinleriň wekilleri ýezitleriň dini ynançlaryna ýalňyş düşünip, olary “şeýtanyň tarapdarlary” diýip atlandyrýarlar.

Ýezit aýallarynyň erkekler bilen baýramçylyklara bile gatnaşmagy olaryň arasynda bikanun jynsy gatnaşyklar baradaky myş-myşlaryň ýaýramagyna sebäp bolýar.

Şol bir wagtda-da ýezitleriň regionda birnäçe dini toparlar, esasan, hristianlar bilen gowy gatnaşyklary bar.

Ýezitleriň ýaşaýan Sinjar daglary 1915-nji ýylda Osman imperiýasyndaky gyrgynçylyk döwründe ermeniler üçin gaçybatalga bolupdy. 19-20-nji asyrlarda häzirki Türkiýäniň giňişliginde ýezitleriň birnäçesi hristian dinine hem geçipdiler.

XS
SM
MD
LG