Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä türkmenleri birleşiginiň peýdasy


Owganystanly türkmen ýaşulusy
Owganystanly türkmen ýaşulusy

Mälim bolşy ýaly, her ýyl Türkmenistanda Dünýä türkmenleri ynsanperwer birleşiginiň ýygnaklary geçirilýär. Türkmenistanyň metbugatynda şu günlerde golaýda geçiriljek nobatdaky ýygnaga görülýän taýýarlyklar barada yzgiderli maglumatlar berilýär.

Eýsem, Dünýä türkmenleri ynsanperwer birleşiginiň dürli ýurtlarda bar diýilýän wekilhanalary nähili işleri alyp barýarlar? Dünýä türkmenleri ynsanperwer birleşiginiň we onuň wekildir-wekilhanalarynyň alyp barýan işleri hakynda dünýä türkmenleriniň wekilleri nähili pikirde?

Azatlyk Radiosy, "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Dünýä türkmenleri ynsanperwer birleşiginiň peýdasy barada dürli ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň pikirleri esasynda taýýarlamagy göz öňünde tutýar. Bu temada gepleşige gatnaşmak isleýänler hat@azatradio.org salgysyna öz aragatnaşyk maglumatlaryny iberip biler. Şeýle-de hemmeleri bu tema barada dünýä türkmenleri bilen pikir alyşyp, şu ýerde teswir galdyrmaga çagyrýarys.

XS
SM
MD
LG