Sepleriň elýeterliligi

Türkmen emeli hemrasy gurulyp, synagdan geçýär


Türkmenistana degişli ilkinji emele hemrany döretmek boýunça zerur abzallaryň gurluşygy tamamlanyp, onuň iş modulleriniň synagy geçirilýär.

Bu barada Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň ýolbaşçysy A.Ataýew 11-nji awgustda hökümetiň iş maslahatynda hasabat berdi. Resmi maglumata görä, türkmen delegasiýasy 30-njy iýul we 5-nji awgust aralygynda Fransiýa sapar edip, işleriň gidişi bilen tanyşypdyr.

Türkmenistanyň ilkinji milli emeli hemrasynyň üstünde “Thales Alenia Space” we “Space Systems International-Monaco S.A.M.” kompaniýalary işleýärler.

Häzirki wagtda emeli hemranyň Türkmenistanyň giňişliginden dolandyrylmagy üçin spesialistleriň taýýarlanýandygy aýdylýar. Onuň 2014-nji ýylyň dördünji çärýeginde kosmosa uçurmagy planlaşdyrýar.

Türkmen resmileri milli emeli hemranyň kosmosa uçurylmagynyň ýurtda döwrebap aragatnaşyk serişdeleriniň, şol sanda internetiň we telewideniýäniň ösüşini tizleşdirmegine garaşýarlar.

XS
SM
MD
LG