Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Madrid: Dindar “Eboladan” öldi


“Ebola” wirusyna uçran ispaniýaly dindar Madridiň keselhanasynda ýogaldy.

75 ýaşly dinçi Miguel Pajares “Ebola” wirusyna uçran ilkinji ýewropaly. Şu güne çenli Gwineýada, Liberiýada, Sierra Leoneda we Nigeriýada “Ebola” wirusyndan jemi 1 000 çemesi adam ýogaldy.

Liberiýada hökümete degişli bolmadyk guramada işlän wagtynda wirusa uçran Pajares 7-nji awgustda öz ýurduna äkidilipdi.

Dünýä saglyk guramasy wirusyň ýokaşandygy tassyklanan ýa-da güman edilýän jemi 1 848 adamyň hasaba alnandygyny aýtdy.

Ölüme getirýän “Ebola” wirusynyň, gyzdyrma, gaýtarma we ganama ýaly simptomlary barada habar berilýär.

Keselçiligiň öňüni almak ýa-da ony bejermek boýunça tassyklanan usul ýok. Dünýä saglyk guramasy “Ebola” wirusyny halkara saglyk meselesinde adatdan daşary ýagdaý diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG