Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen hökümeti howply wirusy maslahat etdi


Türkmenistanda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça adatdan daşary komissiýanyň maslahaty geçirilipdir. Bu barada Türkmenistanyň wise-premýeri S.Toýlyýew 11-nji awgustda türkmen hökümetiniň iş maslahatynda hasabat berdi.

Dünýä saglyk guramasy birnäçe daşary ýurtda käbir wirus keselleriniň ýaýbaňlanmagyna seretdi, emma “Türkmenistanyň özünde we goňşy döwletlerde howply wirus keselleri bilen bagly hadysalar” hasaba alynmady, diýip Toýlyýewe salgylanyp, türkmen metbugatynda habar berildi.

Resmi maglumatlarda haýsy wirus barada gürrüň edilendigi takyklaşdyrylmady. Şol bir wagtda-da BMG-nyň dünýä saglyk gurasy esasan Afrika döwletlerinde jemi 1000 çemesi adamyň ölümine sebäp bolan “Ebola” wirusynyň dünýä ýaýramagyny halkara derejesinde adatdan daşary ýagdaý diýip atlandyrdy.

Türkmen metbugatyna görä, Türkmenistanyň prezidenti ýurduň sanitar-epidemiologiýa ýagdaýyny gözegçilik astynda saklamagy we Türkmenistanyň giňişligine infeksiýalaryň girmeginiň öňüniň alynmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrypdyr.

Türkmenistanda ýokanç keseller boýunça resmi statistika köpçülige mälim edilmeýär.

XS
SM
MD
LG