Sepleriň elýeterliligi

Yrak: ABŞ “Yslam döwletine” zarba urdy


ABŞ-nyň söweş uçarlary Yragyň demirgazyk-günbatarynda sünni söweşijileriň barlag-geçiş nokatlaryna howadan dört sany zarba urdular.

ABŞ-nyň harbylarynyň 11-nji awgustda aýtmagyna görä, Sinjar şäheriniň daşynda amala aşyrylan hüjümler “Yslam döwleti” söweşjeň toparynyň barlag-geçiş nokatlaryny we golaýda duran ulaglaryny ýok edipdir ýa-da sandan çykarypdyr.

“Yslam döwletiniň” söweşijileri iýun aýynda başlan hüjümleriniň netijesinde Yragyň demirgazygynda we günbatarynda uly bölekleri basyp aldylar.

Geçen hepdede ABŞ-nnyň prezidenti Barak Obama ABŞ-nyň regiondaky bähbitlerini we wekillerini goramak maksatly howada zarba urmaga ygtyýar berdi.

XS
SM
MD
LG