Sepleriň elýeterliligi

Rus kerweni Ukraina ugrady


Russiýanyň Ukraina ugradan ýük kerweni. 12-nji awgust, 2014 ý.

Russiýanyň Ukraina ugradan ýük kerweni. 12-nji awgust, 2014 ý.

Ukrain harbylarynyň metbugat wekili Russiýanyň gündogar Ukraina ugradan gumanitar kerweniniň ýurda salynmajakdygyny mälim etdi.

Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we Goranmak geňeşiniň sözçüsi Andriý Lysenko ýük Halkara Gyzyl Haç Jemgyýeti tarapyndan sertifikasiýa edilýänçä, kerweniň ýurduň çäklerine goýberilmejekdigini aýtdy.

Prezidentiň kömekçisi Waleriý Çaly eger-de ýüküň ýany bilen rus harbylary ýa-da Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň wekilleri bar bolsa, kerweniň ýurduň serhedinden geçirilmejekdigini açyk duýdurdy.

Halkara gumanitar missiýasynyň çäklerinde ylalaşyga gelnenden bir gün soň, 12-nji awgustda, rus ýük ulaglarynyň 300-e golaýy Orsýetden Ukraina tarap ugrady.

Rus resmileri ugadylan kömegiň iki müň tonna golaýdygyny, onuň düzüminde-de çaga iýmitinden başlap, tä içinde ýaşamak üçin niýetlenen çadyrlara çenli bolan dürli zatlaryň bardygyny aýdýarlar.

Gyzyl Haç Jemgyýeti agzalýan rus kerweninde anyk haýsy ýükleriň bardygy ýa-da onuň ugry barada özlerinde zerur maglumatlaryň ýokdugyny aýdýar.

Howatyrlanmalar

Ukrain we Günbatar wekilleri Russiýanyň gumanitar hemaýatyň arkasyna dulanyp, orsýetparaz separatistlere goldaw üçin ýene-de rus esgerlerini ugratmagyndan howatyrlanýarlar.

Çaly Orsýetden iberilen ýükleriň Ukraina bilen aradaky serhetde düşürilip, ondan soň hem Gyzyl Haç Jemgyýetiniň öz ulaglary bilen Ukraina daşalmalydygyny nygtady.

Ukrain hökümeti agzalýan ýüküň ukrain hökümetiniň gözegçiligindäki serhet geçelgesinden geçirilmelidigini hem şert edip goýdy. Häzirki wagtda ukrain-orsýet araçäginiň 100 kilometre golaý ýeri orsýetparaz separatistleriň elinde.

Ukrainadaky çaknyşyklary togtatmak baradaky üç taraplaýyn gepleşiklere gatnaşan Ukrainanyň ozalky prezidenti Leonid Kuçma ýüküň uruş hereketleriniň barýan sebitinden uzakda, Harkowyň üsti bilen geçiriljekdigini aýtdy.

Ukraina we Günbatar Russiýany separatistlere ýarag we zerur instruksiýalar bilen üpjün edýänlikde aýyplaýarlar. NATO-nyň baş sekretary Anders Fogh Rasmussen 11-nji awgustda çykyş edip, Russiýanyň “gumanitar operasiýa bahanasy bilen” Ukraina harby interwensiýany amala aşyrmagynyň mümkindigini aýtdy.

Günbatar resmileri Orsýete Ukrainanyň garşysyna gurnalyp biljek harby interwensiýanyň islendik görnüşi babatynda öňünden resmi duýduryş berdiler.

XS
SM
MD
LG