Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI azeri resmilerine çagyryş edýär


Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” guramasy azeri aktiwisti Leýla Ýunusyň derhal azatlyga goýberilmegi üçin çagyryş etdi. Bu çagyryş Ýunusyň saglyk ýagdaýynyň barha ýaramazlaşýandygy barada maglumatlar peýda bolan mahaly bolup geçdi.

Guramanyň 12-nji awgustda ýaýradan beýanatynda azeri resmileriniň Ýunusyň böwrek näsazlyklary we diabet, ýagny süýji keseli üçin medisina hyzmatlaryny ýa-da bejergilerini bermekden ýüz öwürendigini habar berýär.

“Amnesty International” guramasy aktiwistiň agrydan we ysgynsyzlykdan şikaýat edýändigini, emma türme resmileriniň ony keselhana ýerleşdirmekden ýüz öwürendigini aýdýar.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän 57 ýaşyndaky aktiwist 30-njy iýulda tussag edilipdi. Ol döwlete dönüklik, Ermenistana içalyçylyk etmekde, bikanun söwda işlerini amala aşyrmakda, resminamalary galplaşdyrmakda we bidüzgünçilikde aýyplanypdy.

Maglumatlarda onuň 59 ýaşyndaky adamsy Arif Ýunusyň hem 5-nji awgustda tussag edilendigi hem-de dönüklikde we bidüzgünçilikde aýyplanyp polisiýanyň gözegçiligi astyna alnandygyny habar berildi.

XS
SM
MD
LG