Sepleriň elýeterliligi

Pakistan Deliniň aýyplamalaryny ret edýär


Pakistan dawaly Kaşmir sebitinde Yslamabadyň yslamçylary goldaýandygy baradaky Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modiniň öňe sürlen täze aýyplamalary ret etdi.

Modi 12-nji awgustda Kaşmirdäki Hindi güýçlerine olaryň “uruşdan köp terrorçylyk bilen baglanyşykly adam ýitgilerinden ejir çekýändiklerini” aýtdy.

Ýöne Pakistanyň Daşary işler ministrligi özüniň 13-nji awgustda ýaýradan maglumatynda Modiniň Pakistana garşy “esassyz ritorikalaryny, ýagny öňki namasyny gaýtalaýandygyny” belledi.

Beýanatda Modiniň aýyplamalarynyň “örän şowsuzdygy” bellenilip, munuň deregine iki ýurt Kaşmir sebiti bilen baglanyşykly meseleleri hyzmatdaşlyk we gepleşikler arkaly çözmäge üns bermeli diýilýär.

Kaşmir sebiti Hindistan bilen Pakistanyň arasynda bölünendir, emma iki ýurt hem regionyň doly administrasiýasynyň özlerine degişlidigini öňe sürýärler.

Hindistan bilen Pakistan garaşsyzlygyny alany bäri iki ýurduň arasynda bolan üç urşuň ikisi Kaşmir bilen baglanyşyklydyr.

XS
SM
MD
LG