Sepleriň elýeterliligi

Mekdepler we olaryň “abraýy”


Täze başlanjak okuw ýylynda takmynan 100 müňe golaý ýaşajyk türkmenistanlylar ilkinji gezek orta mekdepleriň bosagasyndan ätlärler.

Täze başlanjak okuw ýylynda takmynan 100 müňe golaý ýaşajyk türkmenistanlylar ilkinji gezek orta mekdepleriň bosagasyndan ätlärler.

Ýene-de sanlyja günlerden ýaşajyk türkmenistanlylaryň müňlerçesi ýurduň orta mekdepleriniň bosagasyndan ilkinji gezek ätlärler. Alty ýaşyndaky bu çagalar haýsy mekdebe gatnajakdyklary barada pikir etmeýän bolsalar-da, olaryň ene-atalarynyň käbirleriniň öz çagalarynyň haýsy mekdepde bilim aljakdygy baradaky aladalara gümradygyny aýtsa bolar.

Olaryň käbirleri öz çagalaryny “abraýly” diýip atlandyrylýan ýöriteleşdirilen mekdeplere gatnatjak bolsalar, käbirleri çagalaryny rus dilinde sapak berýän mekdeplere saljak bolýarlar. Paýtagtyň 7-nji, 12-nji, 27-nji, 16-njy, 52-nji, 55-nji we ”Ruhnama” orta mekdepleri ilat arasynda “abraýly” diýlip tanalýan mekdeplerden käbirleridir.

"Abraýy" näme kesgitleýär?

Bu mekdepleriň adynyň öňüne “abraýly” sözüniň goşulmagy, olarda berilýän bilimiň hiliniň beýleki mekdepleriňkiden ýokary diýlip hasaplannmagy bilen düşündirilýär. Şeýle-de bu mekdeplerde haýsy-da bolsa bir ugur boýunça çuňlaşdyrylan bilim berilýär. Mysal üçin, 7-nji orta mekdepde çuňlaşdyrylan iňlis dili öwredilýär. 16-njy orta mekdepde bolsa daşary ýurt dillerinden iňlis, pars, fransuz dilleri öwredilýär.

Mundan başga-da bu mekdeplerde sapak berýän mugallymlaryň kwalifikasiýasy hem ýokary hasaplanýar. Abraýly diýilýän mekdeplerde ýaşy uly, sowet döwrüniň pedagogik bilimini alan mugallymlaryň bolmagynyň hem täsiriniň bardygy aýdylýar. Çünki şol wagtky mugallym kadrlary has tejribeli diýlip hasaplanýar.

Rus dilli bölümler

Abraýly diýilýän mekdepleriň arasynda rus dilinde sapak berýän bölümli mekdepler hem bar. Ýagny, bu mekdeplerde türkmen we rus dillerinde aýratyn sapak berilýär. Ýokarda agzalyp geçilen 55-nji, 12-nji, 16-njy, 19-njy mekdeplerde, şeýle-de paýtagtyň 50-nji orta mekdebinde şonuň ýaly mümkinçilikler bar.

Soňky ýyllarda rus dilinde sapak berýän bölümli mekdeplere çagalaryny berýän ene-atalar hem köpeldi. Rus dili bölümlerinde mugallymlaryň köpüsi sowet döwrüniň kadrlary bolup, olar has tejribeli mugallymlar diýlip hasaplanýar. Okuwçylardan has köp talabyň edilmegi bilen birlikde bu bölümlerde okaýan okuwçylaryň öýe berilýän işleri türkmen bölümlerindäkiden has köp. Okuw kitaplarynyň hem Orsýetiňki bolanlygy üçin hili has ýokary diýlip düşünilýär.

Aslyýetinde orta mekdeplerdäki rus dili bölümleri rus dili – ene dili bolan çagalar üçin niýetlenen. Ýöne bu bölümlerde okaýan türkmen dilli okuwçylaryň agdyklyk edýändigi aýdylýar. Mysal üçin, 55-nji orta mekdepdäki rus dilli bölümiň bir klasynda 40-a golaý okuwçy okaýan bolsa, türkmen dili bölümindäki klasda 20-den gowrak okuwçy okaýar. Paýtagtyň 50-nji mekdebinde hem şolar ýaly ýagdaý bar.

Isleg uly

Umuman, abraýly diýilýän ýöriteleşdirilen we rus bölümli mekdeplere bolan isleg örän ýokary. Bu mekdeplere bolan islegiň örän ýokarydygyny bu mekdeplerden uzakda ýaşaýanlaryň-da öz çagalaryny bu mekdeplerde okadýanlygy hem şaýatlyk edýär. Änew, Gämi, Büzmeýin ýaly paýtagtyň merkezinden uzaklardan gelip, “abraýly” mekdeplerde okaýanlar az däl. Munuň üçin okuwçylaryň ene-atalary öz çagalaryny "abraýl"y mekdebe eltip, we alyp gaýtmak üçin ýörite awtoulag hem hakyna tutýarlar.

Bu mekdepleriň golaýynda ýaşaýan çagalardan ekzamen alynmaýan bolsa, mekdebe territorial degişliligi bolmadyk çagalardan, olar bu mekdeplerde okajak bolsalar, ýörite test görnüşündäki ekzamenler alynýar. Mysal üçin, paýtagtyň 52-nji mekdebinde 15-nji awgusta çenli bu mekdebiň töweregindäki ýaşaýan çagalar kabul edilýän bolsa, ondan soň mekdebe territorial degişliligi bolmadyk çagalar kabul edilýär.

Bu ekzamenlerde mekdebe girjek çaganyň okap, ýazyp, sanap bilşine degişli synaglar berilýär. Abraýly mekdebe şol synaglardan geçip bilen çagalar kabul edilýär. Käbir “abraýly” mekdeplerde bu hili test ekzamenleri birnäçe günüň dowamynda geçirilýän bolsa, käbirlerinde bu ekzamenler okuwçy bilen söhbetdeşlik görnüşinde bir-iki sagadyň içinde geçirilýär.

Para-peşgeş

Emma ene-atalaryň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, çagany "abraýly" hasaplanýan mekdebe saljak bolnanda, geljekki okuwçynyň zehininden, onuň ene-atasynyň “jübüsiniň galyňlygy” has uly rol oýnaýar.

Adynyň efirde tutulmagyny islemedik orta mekdebiň mugallymynyň aýtmagyna görä, “abraýly” mekdeplere girmek üçin berilýän paranyň möçberi 500 dollardan başlap, 1-2 müň dollara çenli ýetýär.

Türkmenistanda 2013-2014-nji okuw ýylynyň başynda 1761 sany orta mekdep bolup, olarda 967 müňden gowrak okuwçy okapdyr. Täze başlanjak okuw ýylynda hem takmynan 100 müňe golaý ýaşajyk türkmenistanlylar ilkinji gezek orta mekdepleriň bosagasyndan ätlärler.

XS
SM
MD
LG