Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maliki resmi karara görä işden çekiljek diýýär


Yrakda premýer-ministriň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirýän Nuri al-Maliki federal suduň karary esasynda wezipesinden çekiljekdigini aýdýar.

Yragyň prezidenti Fuad Masum (Fuad Masum) 11-nji awgustda ýokary derejeli şaýy syýasatçysy Haýdar al-Abadiden (Haidar al-Abadi) täze hökümeti düzmegi sorapdy.

Ýöne Maliki 13-nji awgustda beren maglumatynda Abadiniň wezipä bellenilmegi konstitusiýanyň “bozulmagydyr” we onuň “hiç hili güýji ýokdur” diýdi.

Maliki telewideniýede eden hepdelik çykyşynda: “Men hökümetiň öz işini dowam etdirjekdigini tassyklaýaryn we ol Federal suduň karary bolmazdan üýtgemez” diýdi.

2006-njy ýyldan bäri premýer-ministr wezipesini ýerine ýetirýän Maliki Yrakda aprel aýynda geçirilen netijesiz saýlawlardan bäri premýer-ministriň wagtlaýyn borçlaryny ýerine ýetirýär.

Yrak yslamçy gozgalaňlar bilen söweşýän mahaly, Maliki ýurtda mezhebara ýowuzlygy möwjetmekde aýyplanýar. Şeýle-de, ol özüniň wezipeden çekilmegi barada sünni, kürt we käbir şaýy syýasatçylary tarapyndan edilen çagyryşy ret etdi.

XS
SM
MD
LG