Sepleriň elýeterliligi

Saakaşwilä garşy täze aýyplama ýöňkelýär


Gürjüstanyň öňki prezidenti Mihail Saakaşwili (Mikheil Saakashvili) täze jenaýat aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Gürjüstanyň baş prokurorynyň edarasy özüniň 13-nji awgustda beren maglumatynda Saakaşwiliniň 2009-njy ýylyň sentýabr aýy bilen 2013-nji ýylyň fewral aýy aralygynda takmynan 5 million amerikan dollaryny ogurlamakda aýyplanýandygyny mälim etdi.

Saakaşwili günäli tapylsa, 11 ýyl türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolup biler.

2004-2013-nji ýyllar aralygynda Gürjüstany dolandyran Saakaşwili eýýäm wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanýar. Ol bu aýyplamalary inkär edýär.

Saakaşwili özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, geçen ýyl Gürjüstany terk edipdi.

Saakaşwilä garşy ýöňkelen aýyplamalar barada Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti we dört sany amerikan senaty öz aladalanmalaryny bildirdiler.

XS
SM
MD
LG