Sepleriň elýeterliligi

Fransiýada bäş alpinist öldi


Fransiýanyň ýerli resmileri Mont Blank (Mont Blanc) dagynda fransiýaly bäş alpinistiň öli tapylandygyny, şeýle-de alty sanysyndan habar ýokdugyny aýdýarlar. Gürrüňi gidýän dag Ýewropanyň iň beýik dagydyr.

Alty alpinist, şol sanda bir ýolbelediň 12-nji awgustdan bäri ýitirimdigi habar berilýär.

Olar Mont Blank dagynyň 3 müň 902 metr beýikligindäki “Aiguille d'Argentiere” depesine çykmagy planlaşdyrýar eken.

Gürrüňi gidýän daga her ýyl müňlerçe adam barýar. Şu ýyl onda birnäçe adam heläk boldy.

XS
SM
MD
LG