Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainadaky krizis we türkmen studentleri


“Türkmenhowaýollarynyň” uçary
“Türkmenhowaýollarynyň” uçary

Ukraina soňky ýyllarda türkmenistanlylaryň ýokary bilim almak üçin iň köp barýan ýurtlarynyň biri boldy. Ukrain resmileriniň sözlerine görä, 2013-2014-nji okuw ýyllarynda Ukrainada 14 000 türkmenistanly student bilim alypdyr. Ukrainada dowam edýän syýasy krizis türkmenistanly studentlere öz täsirini ýetirdi.

Ukrainada okaýan türkmenistanlylar häzirki wagtda Aşgabatdan Kiýewe uçar bilen göni baryp bilmeýärler. Sebäbi Aşgabatdan Kiýewe uçýan gönümel gatnawly ugur ýatyryldy. “Türkmenhowaýollary” Aşgabat-Kiýew aralygyndaky göni uçar reýsleriniň ýatyrylmagyny howpsuzlyk sebäpleri bilen düşündirýär.

“Türkmenhowaýollarynyň” Aşgabatdaky baş edarasynda Ukraina gidýän göni reýsleriň geçen aýda Malaýziýanyň uçarynyň gündogar Ukrainada heläkçilige uçramagynyň yzysüre ýatyrylandygyny aýtdylar. 17-nji iýulda gündogar Ukrainada 298 adamyň heläk bolmagyna getiren şol uçar heläkçiliginiň sebäpleri häzire çenli-de derňelýär.

Biletleri näme etmeli?

“Türkmenhowaýollary” Ukraina gidýän we häzirki wagtda ýatyrylan öz reýslerine öňünden satylan biletleri ýolagçylardan yzyna alýandygyny, Türkmenistanda satyn alnan biletleri Aşgabatda, Ukrainada satyn alnan biletleri bolsa Kiýewde öz ofislerinde tabşyryp bolýandygyny aýdýar. Şeýle-de Kiýew bilen Aşgabat aralygyndaky ýatyrylan reýslere uçar biletlerini “Türkmenhowaýollarynyň” Stambuldan we Moskwadan Aşgabada uçýan uçarlaryna münmek üçin ulanyp bolýandygyny kompaniýanyň Aşgabatdaky baş edarasynda aýtdylar.

Kiýew-Aşgabat aralygy üçin alnan uçar biletlerini Moskwadan Aşgabada uçmak üçin ulanyp bolýandygyny “Türkmenhowaýollarynyň” Moskwadaky edarasynda hem tassykladylar we agzalan biletleri bu ugurda ulanmak faktlarynyň ençemesiniň bolandygyny aýtdylar.

Emma “Türkmenhowaýollarynyň” Kiýewdäki edarasy we Kiýewiň “Borispol” aeroportundaky edarasy bilen telefon arkaly habarlaşyp, bu soragy anyklamak başartmady.

“Türkmenhowaýollarynyň” Ukraina reýslerini ýatyrmagy barada kompaniýanyň resmi saýtynda habar berilmeýär. Üstesine, bildirişleriň birinde Aşgabatdan Kiýewe uçmak üçin 350 dollara uçar biledini satyn alyp bolýandygy habar berilýär.

Ukrainada bilim alýan türkmenistanly studentler Kiýewden Aşgabada göni reýsiň ýatyrylmagynyň özleri üçin uly kynçylyk döredýändigini we maddy taýdan agram salýandygyny aýdýarlar.

Ukrainanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde okaýan Arslan Azatlyk Radiosyna bu barada gürrüň berdi.

Bilime degişli resmi rekomendasiýa

Ukrainadaky syýasy ýagdaýlar sebäpli täze okuw ýylynda türkmenistanlylaryň bu ýurtda bilim almagyna degişli käbir täze resmi düzgünler hem göz öňünde tutulýar.

Ukrainanyň Bilim ministrligi hökümet güýçleriniň we orsýetparaz separatistleriň arasynda söweşler gidýän Donetsk we Luhansk regionlarynyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan daşary ýurtlulara Ukrainanyň beýleki regionlarynyň okuw jaýlarynda okuwyny dowam etdirmegi teklip edýär.

Ministrligiň resmi websaýtynda 6-njy awgustda çap bolan bildirişde, hususan-da, studentleri kabul edip biljek ýokary okuw jaýlarynyň sanawynyň we okuw tölegleri barada maglumatlaryň resmi saýtlarda çap edilip, ilçihanalara iberiljekdigi aýdyldy.

Luhansk we Donetsk regionlarynda Türkmenistandan näçe studentiň bilim alýandygy barada maglumat elýeterli däl. Donetskiň Döwlet uniwersitetinde edil häzirki wagtda türkmenistandan dört studentiň hasaba alnandygyny we olardan häzirlikçe başga okuw jaýyna geçmek haýyşy bilen ýüz tutanyň ýokdugyny Azatlyk Radiosyna aýtdylar.

XS
SM
MD
LG