Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ynsanperwer kömegini serhede eltdi


Orsýetiň ynsanperwer kömek ýüklenen ýuk ulaglary, Ýelets, 12-nji awgust, 2014
Orsýetiň ynsanperwer kömek ýüklenen ýuk ulaglary, Ýelets, 12-nji awgust, 2014

Kiýewiň Orsýetiň ulaglaryny Ukraina goýbermejekdigi baradaky duýduryşyna garamazdan, Orsýetiň ynsanperwer kömek ýüklenen 300-e golaý ýuk ulagy Ukraina bilen serhediň golaýynda ýerleşdirildi.

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk 13-nji awgustda Orsýeti “bihaýa” diýip atlandyrdy we Ukrainanyň diňe Halkara Gyzyl Haç Jemgyýetinden gelen ynsanperwer kömekleri kabul etjekdigini aýtdy.

Ukrainanyň içeri işler ministri Arsen Awakow Facebookda şeýle ýazdy: “Putiniň hiç bir ulag kerweni Harkiw regionynyň üstünden geçirilmez. Bihaýa agressoryň prowokasiýasyna biziň giňişligimizde ýol berilmez”.

Orsýet bu ulag kerweniniň ýolunyň Kiýew bilen öňünden ylalaşylandygyny we, serhetden geçensoň, onuň Halkara Gyzyl Haç Jemgyýetiniň gözegçiliginde öz ýoluny dowam etdirmelidigini aýty.

Halkara Gyzyl Haç Jemgyýeti diňe öz bitaraplyk ýörelgesine hormat goýlan ýagdaýynda ynsanperwer kömegini Ukraina eltjekdigini aýtdy.

Ukrain we Günbatar resmileri Orsýetiň agzalýan ynsanperwer kömegi gündogar Ukraina öz goşunlaryny ibermek üçin bahana edip ulanmagynyň ähtimaldygyny aýdyp, howatyrlanma bildirýärler.

Orsýet gündogar Ukrainada hökümet güýçlerine garşy söweşýän orsýetparaz separatistleri özüniň ýarag we maglumat bilen üpjün edýändigi baradaky maglumatlary inkär edýär.

Kömek barada ylalaşyk

12-nji awgustda Ukraina Orsýetiň ynsanperwer kömeginiň hökümetiň gözegçiligindäki serhet geçelgesinden aşyp, Halkara Gyzyl Haç Jemgyýetiniň gözegçiliginde öz ýoluny dowam etdirip biljekdigini aýdypdy.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 12-nji awgustda eden çykyşynda Moskwanyň ulag kerweniniň ýoly barada Kiýew bilen gelnen ylalaşyk barada şeýle diýdi: “Biz Kiýewiň häkimiýetleri üçin amatly marşruta boýun bolduk. Biz öz ulaglarymyzda Ukrainanyň giňişliginden geçen wagtynda ukrain belgileriniň bolmagy bilen ylalaşdyk we ynsanperwer ýükli ulaglaryň üstüne Halkara Gyzyl Haç Jemgyýetiniň we ÝHHG guramasynyň wekillerinden daşgary ukrain häkimiýetleriniň wekillerini hem almaga razy bolduk”.

Orsýet özüniň Ukraina iberýän 2 000 tonna kömeginiň düzümine tok öndüriji generatorlar, galla, et konserwleri we süýt önümleri, suw, çagalar üçin iýmit we medisina serişdeleri ýaly zerur önümleriň girýändigini aýtdy.

Ynsanperwer kömek separatistleriň gözegçiligindäki Luhansk şäheri üçin niýetlenýär, bu ýerde müňlerçe ýerli ýaşaýjylar ençeme gün bäri elektrik toksuz we suwsuz galýarlar.

Luhansk we Donetsk soňky wagtda hökümet güýçleriniň basyşy astynda yza çekilen orsýetparaz separatistleriň esasy ýerleşýän ýeridir.

XS
SM
MD
LG