Sepleriň elýeterliligi

Putin Krymda maslahat geçirýär


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 14-nji awgustda dawaly Krym ýarymadasynda Orsýetiň howpsuzlyk boýunça ýolbaşçylary bilen maslahat geçirýär, şeýle-de hökümet we parlament agzalary bilen duşuşýar .

Orsýetiň prezidentiniň metbugat-gullugy Putiniň ýolbaşçylygynda Sewastopolda geçirilýän Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda we prezidentiň Döwlet Dumasynyň deputatlary we Federal ministrleri bilen duşuşygynda içerki meselelere, “şol sanda Kryma degişli” meselelere serediljegini habar berdi.

Putiniň Kryma iki günlük sapary 13-nji awgustda başlandy.

Ukrainanyň resmileri Orsýetiň Kryma saparyny tankyt etdiler.

ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Orsýetiň mart aýynda Krymy anneksiýa edip, öz düzümine goşmagy sebäpli bu ýurda garşy sanksiýalary girizdiler.

XS
SM
MD
LG