Sepleriň elýeterliligi

Ukraina Orsýete garşy sanksiýany makullady


14-nji awgustda Ukrainanyň parlamenti hökümete Orsýete garşy sanskiýalary girizmäge we milli howpsuzlyga wehim salýan mediany senzura astyna almaga ygtyýar berýän kanuny kabul etdi.

Kanun Ukrainanyň gündogarynda dowam edýän zorluklar bilen bagly Orsýeti çäklendirmek we Kremle garaşly habar serişdelerinde Ukraina garşy alnyp barylýan propaganda garşy durmak maksadyny göz öňünde tutýar.

Sanksiýalar Ukrainada separatizmi goldamak we maliýeleşdirmek bilen baglylykda Orsýetiň we beýleki ýurtlaryň 172 wekiline we 65 guramasyna garşy niýetlenýär. Sanksiýalaryň güýje girmegi üçin Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşleri tarapyndan tassyklanmaly.

XS
SM
MD
LG