Sepleriň elýeterliligi

Seul Phenýanyň raketa atandygyny aýdýar


Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi Rim papasy Fransiskiň Seula taryhy sapar eden wagtynda Demirgazyk Koreýanyň ýakyn aralyga niýetlenen üç raketany deňze atandygyny aýtdy.

Ministrligiň resmisiniň 14-nji awgustda aýtmagyna görä, Demirgazyk Koreýanyň Ýapon deňzine raketa atmagy bilen bagly waka prezident Park Geun-hyenyň papany Seulda garşy almagynyň bir sagat öňüsyrasynda bolupdyr.

Rim papasy Seula 25 ýylyň dowamynda ilkinji gezek sapar edýär. Günorta Koreýanyň ilatynyň 10% katolik hristianlar.

Hytaý Rim papasynyň uçarynyň öz howa giňişliginden geçmegine rugsat berdi. Pekin 1949-njy ýylda kommunistler häkimiýet başyna geçeli bäri Watikan bilen gatnaşyk saklamaýar.

XS
SM
MD
LG