Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: 110 müň çaga birinji klasa barar


Türkmenistan
Türkmenistan

Türkmenistanyň mekdeplerinde 2014-2015-nji okuw ýyllarynda 110 müňden gowrak çaganyň bilim almagyna garaşylýandygy we olaryň esasan 6 ýaşly çagalardygy aýdylýar.

Resmi maglumatlara görä, okuw ýylynyň başynda täze mekdepleriň we çagalar baglarynyň onlarçasy dabaraly ýagdaýda işe giriziler.

Ahal welaýatynda 9 sany orta mekdep we bir çaglar bagy, Balkanda 7 orta mekdep we 3 çaglar bagy, Daşoguzda 13 orta mekdep we 3 çaglar bagy, Lebapda 11 orta mekdep we 5 çagalar bagy, Maryda 19 orta mekdep we 2 çagalar bagy işe giriziler.

Täze açyljak jemi 59 mekdebiň 31 800 çaga we 20 sany çaglar bagynyň 3 255 çaga niýetlenýändigi resmi maglumatda aýdylýar.

Türkmenistanda “bilim sistemasyny reformirlemek boýunça ägirt uly işleriň edilýändigi”, özgerişlikleriň “çalasynlyk bilen” amala aşyrylýandygy resmi maglumatda habar berildi we milli bilim sistemasynyň reformasynda nobatdaky ädimi hökmünde, hususan, Türkmenistanyň prezidentiniň her ýyl birinji klasa barýan çagalara kompýuter bermek inisiatiwasynyň ähmiýeti nygtaldy.

XS
SM
MD
LG