Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň ulag kerweni Ukraina barýar


Orsýetiň ynsanperwer kömegini alyp barýan ulag kerweni Ukraina tarap ýoluny dowam etdirýär, onuň bir bölegi gozgalaňçylaryň elindäki Luhansk regionyna tarap barýar.

Orsýetiň resmileri 300 çemesi ýük ulagyndan ybarat kerweniň barýan ýoluny takyklaşdyrmadylar.

Orsýet başda öz kerweniniň hökümetiň gözegçiligindäki Harkiw regionynyň üstünden geçjegini aýdypdy. 14-nji awgustda ulaglaryň Orsýetiň Ukrainanyň Luhansk regiony bilen serhetdeş Rostow regionynda bolandygy barada habar berildi.

Moskwa ynsanperwer kömegini Ukrainanyň hökümet güýçlerine garşy söweşýän separatistlere harby ýardam bermek üçin iberýän bolmagy baradaky çaklamalary ret etdi. Şol bir wagtda-da Kiýew ýurduň gündogaryna öz ynsanperwer kömegini iberendigi aýdy we onuň Luhanskyň golaýynda hökümet güýçleriniň gözegçiligindäki şähere niýetlenýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG