Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Flex" synaglary başlaýar


Synag tabşyrýan ýaşlar.
Synag tabşyrýan ýaşlar.

Amerikanyň Halkara bilim boýunça Türkmenistandaky geňeşi ýokary synp mekdep okuwçylaryna bir okuw ýylyny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda okamaga mümkinçilik berýän Flex programmasyna kabul edişligiň başlaýandygyny yglan etdi. Bu barada gürrüňi gidýän geňeşiň americancouncilstm.org websahypasynda habar berilýär.

Programmanyň hödürleýän mümkinçilikleri

Bu websahypada berilýän maglumata görä, iňlis dili boýunça geçiriljek testlerde ýeňiş gazanan okuwçylar 2015-2016-njy okuw ýylyny Birleşen Ştatlarynyň mekdepleriniň birinde okamaga we amerikan maşgalasynda ýaşamaga mümkinçilik alar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän Flex programmasyna laýyklykda, Birleşen Ştatlarda bir ýyl okamaga hukuk gazanan okuwçylaryň ýol, ýaşaýyş jaý we gündelik iýmitlenişi üçin çykdajylary agzalýan programma tarapyndan üpjün ediler diýlip, gürrüňi gidýän geňeşiň websahypasynda bellenilýär.

Programma kimler gatnaşyp biler?

Websahypada berilýän maglumata görä, 1997-nji ýylyň 15-nji marty bilen 1999-njy ýylyň 31-nji maýy aralygynda doglan türkmenistanlylaryň ählisi bu programma boýunça geçirilýän bäsleşige gatnaşyp bilerler.

Şeýle-de, bäsleşige gatnaşyjylar soňky 5 ýylyň dowamynda 3 aýdan köp Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýaşamadyk we iňlis dilinde gowy gepläp bilýän bolmaly.

Websahypada berilýän maglumatlara görä, bu synaglara programmanyň şertlerini ödäp bilýän okuwçylaryň, şol sanda maýyplaryň, ýagny hereket mümkinçilikleri çäklendirilen ýaşlaryň ählisi gatnaşyp biler. Bu programmanyň esasynda häzire çenli 220-den gowrak maýyp okuwçy Birleşen Ştatlarda bilim aldy diýlip, gürrüňi gidýän websahypada nygtalýar.

Bäsleşige baranyňda, ýanyň bilen nämeleri alyp barmaly?

Bu programmanyň geçirýän test bäsleşigine gatnaşmaga baran okuwçydan öz ýany bilen pasportyny ýa-da dogluş hakyndaky şahadatnamasyny, 3x4 cm ölçegdäki ýaňy-ýakynda düşürilen suratyny we bir sany galam alyp barmaklyk talap edilýär.

Bäsleşik nirede we haçan geçirilýär?

Bu programmanyň Balkan welaýatyndaky synagy Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde geçiriler. Türkmenbaşy şäheriniň 10-njy mekdebinde geçiriljek synag sentýabr aýynyň 14-ne sagat 09:00-da bolar. Balkanabat şäheriniň 3-nji mekdebinde geçiriljek synag sentýabr aýynyň 21-ne sagat 09:00-da bolar.

Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 19-njy orta mekdebinde geçiriljek synag bolsa sentýabr aýynyň 28-ne sagat 09:00-da bolar. Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 2-nji mekdebinde geçiriljek synag 12-nji oktýabrda sagat 09:00-da bolar.

Flex programmasy üçin synaglaryň bäşinji nobatdakysy Ahal welaýatynyň 32-nji mekdebinde geçirilip, ol 19-njy oktýabrda sagat 09:00-da bolar. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 2-nji mekdebinde geçiriljek synag noýabr aýynyň 2-ne sagat 09:00-da bolar. Programma gatnaşmak isleýänler üçin synaglaryň iň soňkusy Aşgabat şäheriniň 20-nji mekdebinde geçirilip, ol 9-njy noýabrda sagat 09:00-da bolar.

XS
SM
MD
LG