Sepleriň elýeterliligi

Eýran Türkmen gazyna "mätäç däl"


Häzirki wagtda Türkmenistan Eýrana iki ugur boýunça tebigy gaz akdyrýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan Eýrana iki ugur boýunça tebigy gaz akdyrýar.

Eýranyň nebit ministri şu hepdäniň başynda “Eýran Türkmenistandan tebigy gaz import etmäge mätäç däl” diýip çykyş etdi.

Bijan Namdar Zanganeh “Eýranyň türkmen gazyny ýeke sebäpden, ýagny Türkmenistan bilen syýasy we ykdysady gatnaşyklary saklamagyň möhümliginiň hatyrasyna satyn alýandygyny" aýtdy.

Bijan Namdar Zanganeh

Bijan Namdar Zanganeh

Zanganeh öňümizdäki ýylyň martynda Eýranyň öz gaz üpjünçiligini 200 milliard kubometr möçberinde artdyrmagy göz öňünde tutuýandygyny, munuň netijesinde-de “türkmen gazyny satyn almagyň zerurlygynyň bolmajakdygyny” nygtady.

Eýran resmisiniň türkmen gazynyň importyny togtatmak baradaky eden çykyşy bilen baglylykda resmi Aşgabat häzire çenli hiç hili reaksiýa bildirmedi.

Üç aý ozal...

Ýatladyp geçsek, mundan üç aý töweregi ozal Eýranyň nebit ministri Zanganeh Türkmenistanyň ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Hojamuhammet Muhammedow bilen geçiren duşuşygynda “Eýranyň türkmen gazyny häzirki derejesinde import etmegi geljekde-de dowam etdirjrekdigini” belläpdi.

Maý aýynda Tähranda bolan şol gepleşiklerde ady agzalan eýran resmisi “Satyn alynýan türkmen gazynyň bahasyny Eýranda öndürilen önümler bilen töläp başlamaga taýýarlyk görülýändigini” mälim edipdi.

Gazgeçirijiler

Häzirki wagtda Türkmenistan Eýrana iki ugur boýunça tebigy gaz akdyrýar.

Uzynlygy 200 km ýetýän Körpeje-Gurtguýy gazgeçirijisiniň gurluşyk işleri 1995-nji ýylda başlanyp, ol 1997-nji ýylyň 29-njy dekabrynda ulanyşa berlipdi. Eýranyň Milli nebit kompaniýasy tarapyndan ýurduň demirgazyk sebitlerini gaz bilen üpjün etmek maksady bilen gurlan bu gazgeçirijiniň bahasy 190 million amerikan dollaryna barabar bolup, onuň her ýylda 8 milliard kubometr mukdarda gaz akdyrmak mümkinçiligi bar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmadinejad bilen Döwletabat-Sarahs-Hangiran gazgeçirijisiniň açylyş dabarasynda. 2010 ýyl.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmadinejad bilen Döwletabat-Sarahs-Hangiran gazgeçirijisiniň açylyş dabarasynda. 2010 ýyl.

2009-njy ýylyň oktýabrynda her ýylda 12 milliard kubometr gaz akdyrmaga ukyply Döwletabat-Sarahs-Hangiran gazgeçirijisini gurmak baradaky netijä gelnipdi. Uzynlygy 182 km barabar bu gazgeçiriji 2010-njy ýylda ulanyşa berlip, şol wagt iki döwletiň baştutanlary Eýrana eskport edilýän türkmen gazynyň umumy mukdaryny ýylda 20 milliard kubometre ýetirmek barada gürrüň edipdiler.

Eýrana eksport edilýän türkmen gazynyň möçberi we bahalary barada anyk we takyk maglumatlary tapmak başartmady. Emma käbir habar serişdeleriniň eýran resmilerine salgylanyp berýän sanlaryna görä, geçen ýyl Türkmenistandan Eýrana 11.8 milliard kubometr gaz akdyrylypdyr.

Eýrandan başga-da türkmen gazy Russiýa we Hytaýa eksport edilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG