Sepleriň elýeterliligi

Azatlyk TW

Mekdep bazarlary gyzýar


Şu günler täze okuw ýylynyň başlanmagyna sanlyja gün galanda köp ene-atalar öz çagalaryna mekdep formadyr, okuw esbaplaryny satyn almak üçin bazarlara barýarlar. Lebap welaýatynyň "Dünýä bazar" ady bilen tanalýan bazarynda bolsa mekdep formalaryň, okuw esbaplaryň müşderileriniň kändigini şol bazarda söwda edýän söwdagärler belleýärler. Agzalan bazarda hususyýetçiler tarapyndan mekdebe gerek bolan egin eşikleriň, okuw esbaplaryň dürli görnüşleriniň hödürlenýändigini görmek bolýar. Wideoda Türkmenabat şäheriniň ilat arasynda "Dünýä bazar" ady bilen tanalýan bazaryndan täze okuw ýyly üçin edilýän söwdalardan käbir pursatlar hödürlenýär.

XS
SM
MD
LG